Tanslara siňen dünýä

7 Iýul 2021
908

Tans gadymy sungatlaryň biri bolup, adamlaryň begenjini alamatlandyrýan hereketleri özünde jemleýär. Müňýyllyklaryň dowamynda adamlar tansyň üsti bilen birek-birege çaganyň dogulmagy, näsagyň sagalmagy, toý tutulmagy ýaly begençli habarlary ýetiripdirler. Gadym zamanlarda adamlar Arşdan gurakçylykda ýagşyň ýagmagyny, tümlükde Gün şöhlesine, ekerançylykda bol hasyla islegini tansyň üsti bilen beýan eder ekenler. Tans adamlaryň gündelik durmuşyndaky: ýöremek, ylgamak, bökjeklemek, pyrlanmak, çaýkanmak ýaly hereketlerinden ybaratdyr.

Biziň milli tanslarymyzda her bir hereket, her bir bakyş aýratyn manyny aňladýar. Jeýhunyň kenarynda ýaşaýan ilatyň tanslarynda deprek saz guraly aýratyn orny eýeleýär. Çünki ata-babalarymyz deprek saz guraly çalnanda, ähli kynçylyklaryň aradan aýryljakdygyna ynanypdyrlar. Şonuň üçin deprekde saz çalyp, tans oýnamak däbi biziň günlerimizde hem dowam edip gelýär. Tansçylar tansyň üsti bilen tomaşaçylara belli bir wakany gürrüň berýärler.