Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni mirasymyzyň müdimiligi

1 Iýul 2021
1198

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy.

1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasy ýaňy öz Garaşsyzlygyny gazanan ýaş Türkmenistan döwletini öz düzümine kabul etdi. Garaşsyz döwletimiziň iň iri halkara guramasyna girmegi goja taryhly türkmen halkynyň adamzat ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilendigini iş ýüzünde tassyklady.

Çynar RÜSTEMOWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary.