Sungat — ömrüň manysy

6 Iýul 2021
907

Her gün säher bilen şäheriň gül gujagynda owazlanyp oturan Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň ýagty girelgesi bir kybap geýnen talyp ýaşlaryň bezemen hatary bilen gurşalýar: bu gözel görnüşler ak säherlere bezeg berip, ýakymly duýgulary oýarýar. Az salymdan bolsa, belent binanyň giň otaglary dürli saz gurallarynyň sazlaşykly heňine, labyzly ýaşlaryň ýakymly owazlaryna dolýar. Sungat ojagynyň bosagasynda gün yrman gaýtalanyp gelýän bu görnüşlerde täze zehinleriň gadymy sungata söýgüsi, öz saýlan hünärlerine bolan höwesi jemlenýär.

Mekdebiň halypa mugallymy Marina Petrowanyň adaty iş güni-de şeýle ajaýyp pursatlar bilen başlanýar.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».