Milli medeniýetimiziň belent sarpasy

5 Iýul 2021
958

Garaşsyz Diýarymyzy, bagtyýar halkymyzy ösüşiň we parahatçylygyň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda ähli ugurlar babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna şaýat bolýarys. Ata Watanymyzda gazanylýan ýokary ykdysady görkezijiler raýatlarymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyna gönükdirilýär. Medeniýet we sungat ulgamynda ýetilýän sepgitler bolsa özünde halkymyzyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründäki ruhy galkynyşyny şöhlelendirýär.

Halkymyzyň milliliginden, özboluşlylygyndan gelip çykýan milli medeniýetimiz bu günki günde bütin dünýäde öz ykraryna eýe bolýar. Gadymy kökleri asyrlara uzaýan «Görogly» şadessanynyň, saz we tans sungatynyň özboluşly sazlaşygyndan kemala gelen küştdepdiniň, tebigat bilen el işleriniň utgaşygy bolan türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem aýdanlarymyza güwä geçýär. Dutar ýasamak senetçiligi we saz sungaty hem häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Amangylyç GOLBAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet boýunça komitetiniň agzasy.