"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Bil­ýard we geometrik çyzgylar

Bil­ýard sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan bir­nä­çe oý­nuň bir­le­şen gör­nü­şi ha­saplan­ýar. Bu oý­ny oý­na­mak her bir ada­ma ba­şar­daý­ma­ýar. Onuň aý­ra­tyn­ly­gy oýun­çy­dan örän üns­li bol­ma­gy ta­lap ed­ýän­di­gi­dir. Bil­ýard oý­na­mak üçin gö­züň gö­rüş çä­gin­de geo­met­rik çyz­gy­la­ry hy­ýa­ly ýag­daý­da gö­rüp bil­mä­ge us­sat bol­ma­ly. Oýun­çy­lar sto­luň üs­tün­dä­ki şar­la­ry ta­ýak, ýag­ny kiý bi­len urup, tor­ly hal­ka gi­riz­mek bo­ýun­ça bäs­leş­ýär­ler. Bi­lermen­ler bil­ýar­dyň fran­suz di­lin­de «şar» we «ta­ýak» diý­me­gi aň­lad­ýan «bil­le» hem-de «bi­let­te» di­ýen söz­ler­den ha­syl bo­lan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.

Süý­jü­li dia­bet­de ge­çi­ril­ýän be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si

Süý­jü­li dia­bet adam be­de­nin­de in­su­li­niň ýüz­leý (ot­no­si­tel) ýa-da düýp­li (ab­sol­ýut) ýet­mez­çi­li­gin­de dö­re­ýän en­dok­rin ke­sel­dir. Ol ug­le­wod­la­ryň çal­şy­gy­nyň agyr bo­zul­ma­sy se­bäp­li ýü­ze çyk­ýar. Bu ke­sel aş­ga­za­nas­ty mäz­de in­su­lin gor­mo­ny­nyň çy­ky­şy­nyň ýet­mez­çi­li­gin­de ug­le­wod­la­ryň dar­ga­ma­sy­nyň pe­sel­me­gi hem-de ba­gyr­da we myş­sa­lar­da gli­ko­ge­niň eme­le gel­me­si­niň bo­zul­ma­gy bi­len geç­ýär. Ne­ti­je­de, gan­da glýu­ko­za­nyň (şe­ke­riň) muk­da­ry ýo­kar­lan­ýar (gi­perg­li­ke­mi­ýa), pe­şew­de süý­ji (glýu­ko­zu­ri­ýa) peý­da bol­ýar. Oňa I gör­nüş­li süý­jü­li dia­bet ýa-da in­su­li­ne bag­ly dia­bet di­ýil­ýär.

«Ar­ka­dag­ly ýaş­lar»

at­ly elekt­ron žur­na­lyň il­kin­ji sa­ny oky­jy­la­ra go­wuş­dy Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň ýa­nyn­da esas­lan­dy­ry­lan «Arkadagly Ýaşlar» at­ly aý­da bir ge­zek ne­şir edil­ýän elekt­ron žur­na­lyň il­kin­ji sa­ny oky­jy­la­ra go­wuş­dy. Tä­ze elekt­ron žur­na­lyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ak pa­ta­la­ry bi­len dö­re­di­lip, «Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň» il­kin­ji gün­le­rin­de oky­jy­la­ra go­wuş­ma­gyn­da çuň­ňur ma­ny bar.

Näme üçin ulaglaryň güýji «at güýjünde» ölçenilýär?

Sport žur­na­lis­ti­ka­sy sa­pagy dowam edýärdi. Gö­ni ýaý­lym­da re­por­taž alyp bar­mak ha­kyn­da gür­rüň ed­ýär­dik. Gür­rü­ňi­mi­zem «For­mu­la-1» aw­to­ýa­ryş­la­ry­na sy­ryk­dy. Bu ýa­ry­şyň di­ňe bir sü­rü­ji-tür­gen­le­riň ara­syn­da git­män, eý­sem-de bol­sa, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy awtoulag ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ýa­ry­şy­dy­gy, oňa iň uly at güý­jü­ne eýe bo­lan ulag­la­ryň gat­naş­ýan­dy­gy­ny ta­lyp­la­ra gür­rüň ber­ýär­dim. Gür­rü­ňi­miz şu ýe­re ýe­ten­de ta­lyp­la­ryň bi­ri: «Nä­me üçin he­re­ket­len­di­ri­ji­le­riň kuw­wat­ly­ly­gy «at güý­jün­de» öl­çenil­ýär, as­lyn­da, bu adal­ga nä­hi­li ýü­ze çy­kyp­dyr?» di­ýip so­ra­dy. Bu so­wa­la men bir­ba­da jo­gap be­rip bil­me­dim, çün­ki men bu ha­kyn­da ozal pi­kir et­män­dim, hiç zat bi­le­mok­dym, şo­nuň üçin hem men ta­lyp­la­ra bu so­wa­lyň jo­ga­by­ny in­di­ki sa­pa­ga çen­li tap­ma­gy wa­da et­dim. Adatça, talyplar so­ran­jaň bol­ýar, olar eşi­den za­dy­ny so­ra­jak, bil­jek, any­gy­na ýet­jek. Mu­gal­ly­myň we­zi­pe­si hem ola­ryň bi­le­si­ge­li­ji­li­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak. Şo­nuň üçi­nem men müm­kin bo­lan äh­li

Bir oýnuň kyssasy

Fut­bol­da şeý­le­bir du­şu­şyk­lar bol­ýar, olar ha­kyn­da ýat­la­ma­la­ry ada­myň kal­byn­dan aý-gün­le­rem, en­çe-en­çe ýyl­la­ram öçü­rip bil­me­ýär. ol ýat­la­ma­lar yn­san ba­la­sy­nyň ha­ky­da­syn­da ömür­ba­ky orun al­ýar. 1998-nji ýyl­da aş­ga­ba­dyň «kö­pet­da­gy­nyň» sa­ud ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty er-ri­ýad­da ýer­li «al-nassr» bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gy­ny hem şeý­le du­şu­şyk­la­ryň ha­ta­ryn­da goý­mak bo­lar. Oýun ha­kyn­da

Elekt­ron sport we ýaş­lar

Saglyk ýodasy

Kö­pet­da­gyň gö­zel ge­riş­le­rin­den çe­ki­len bu tä­sin ýo­da aş­ga­bat­ly­la­ryň hem-de paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­nyň iş­jeň dynç al­ýan söý­gü­li ýe­ri­ne öw­rül­di. Mu­ňa paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­de eme­le ge­len hoş­tap ho­wa­ly zo­lak hem gö­nü­den-gö­ni tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Açyk ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek we Sag­lyk ýo­lu­ny geç­mek dür­li ýaş­da­ky adam­lar üçin el­ýe­ter we peý­da­ly çä­re­dir. Şeý­le çä­rä­niň ada­myň çy­dam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ýan­dy­gy, ru­hu­be­lent­li­gi ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy, ke­sel­le­riň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni azald­ýan­dy­gy yl­my taý­dan su­but edi­len­dir.

Fut­bol we žur­na­lis­ti­ka

Fut­bol bi­len met­bu­ga­tyň ara­syn­da aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk bar. And­reý Şew­çen­ko ýyl­dyz­lyk mün­be­rin­de jöw­lan ur­ýan dö­wür­le­ri şeý­le di­ýip­di: «Ita­li­ýa­da ki­miň ýyl­dyz bol­ja­gy­ny žur­na­list­ler kes­git­le­ýär. Ola­ryň ha­lan adam­la­ry­ny be­lent ga­ýa çy­kar­mak­la­ry, ha­la­ma­ýan adam­la­ry­ny bol­sa ga­ra ýe­re sok­mak­la­ry müm­kin». Biz­de on­çak­ly bir beý­le hem däl. Biz hiç za­dy kes­git­le­me­ýä­ris, has dog­ru­sy, kes­git­läp bil­me­ýä­ris. Biz­dä­ki ha­lat Ita­li­ýa­nyň­ky­dan düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar. Men­ta­li­tet nuk­daý­na­za­ryn­dan diý­jek­mi, tä­sir ediş çyg­ry taý­dan­my, ga­raz, biz bu ga­dy­my ül­ke­dä­ki­le­re bu me­se­le ba­bat­da di­ňe hö­wes et­me­gi­miz müm­kin. Gün­do­gar­ly­ly­gy­myz bol­sa di­ňe ba­ha­na!

At­çy­lyk spor­tu­nyň ta­ry­hy

At­çy­lyk spor­tu­nyň ýö­ne­keý gör­nüş­le­ri ga­dym za­man­lar­da dö­räp baş­lap­dyr. Or­ta Azi­ýa halk­la­ry­nyň at­ly nö­ker­le­ri­niň dür­li at ça­py­şyk ýa­ryş­la­ry we at üs­tün­dä­ki oýun­la­ry, ga­dy­my grek­le­riň at­ly ara­ba­jyk­lar­da­ky ýa­ryş­la­ry, or­ta asyr­lar­da at­ly nö­ker­le­riň at üs­tün­dä­ki sö­weş tä­lim­le­ri­ni be­ri­ji dür­li-dür­li (gy­lyç­laş­mak, naý­za­laş­mak, al­tyn ga­ba­gy ny­şan­lap at­mak) oýun­la­ry we ga­dy­my Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da­ky at­ly sport ýa­ryş­la­ry ― bu­la­ryň hem­me­si spor­tuň ge­çen ýo­lu­ny şöh­le­len­dir­ýär. At­çy­lyk spor­tu­nyň ösüş ta­ry­hyn­da her hi­li üýt­geş­me­ler bol­sa-da, onuň soň­ky mak­sa­dy üýt­ge­mez­den, özü­ne erk edip bil­ýän, be­den taý­dan sag­dyn, güýç­li we ça­la­syn hem ba­tyr adam­la­ry ter­bi­ýe­le­mek bo­lup ga­lyp­dyr.

Kataryň sport ulgamy barada maglumatlar

Ka­tar Ýa­kyn Gün­do­gar­da spor­tuň ösen ýurt­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Her dört ýyl­dan ge­çi­ril­ýän fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty 2022-nji ýy­lyň no­ýabr we de­kabr aý­la­ryn­da şu ýurt­da ge­çi­ri­lip­di. Bu iri sport ýa­ry­şy ta­ryh­da Ýa­kyn Gün­do­gar­da bo­lan il­kin­ji dün­ýä çem­pio­na­ty ha­sap­lan­ýar. Şeý­le-de Ka­tar­da ge­çi­ri­len bu ýa­ry­şyň ýe­ne bir öz­bo­luş­ly ta­ra­py onuň il­kin­ji ge­zek güýz-gyş aý­la­ryn­da ge­çi­ri­len­li­gi­dir. Bu dün­ýä çem­pio­na­ty meş­hur fut­bol­çy Mes­si üçin hem dü­şüm­li bol­dy. Ol dün­ýä ku­bo­gy­na my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy. Bu ýat­da­ga­ly­jy bäs­le­şi­giň ne­ti­je­sin­de Ka­tar­da­ky sport mu­ze­ýi­niň eks­po­nat­la­ry­nyň hem go­ry gi­ňe­di. Ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­tar döw­le­tin­de res­mi sa­par­da bol­ma­gy we iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi ra­ýat­la­ry­my­zyň Ka­tar spor­tu­na bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy­ny art­dyr­dy. Ola­ryň is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dy­ryp, şu ýer­de ýur­duň sport ul­ga­my­nyň ösü­şi we aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da­ gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry oky­jy­la

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat, et­rap mer­kez­le­rin­de sport-be­den­ter­bi­ýe top­lum­la­ry bi­na edi­lip, ýaş­la­ryň yg­ty­ýa­ry­na be­ril­di.

Ýaşyň uzyn, işiň rowaç diýdiler

Saglyk meselesinde ýaponlardan we hytaýlardan öwrenmeli zatlar köp. Bilermenler lukmanlar we psihologlar bilen söhbetdeş bolup, Hytaýdaky uzak ýaşamagyň bäş sany esasy syryny paýlaşýarlar. Daoizm. Daoizm Hy­taý­da dä­be öw­rü­len ýö­rel­ge bo­lup, oňa eýer­ýän­ler bag­ty tap­mak üçin Dao, ýag­ny öz ýo­lun­dan ýö­re­me­li. Bu öz­bo­luş­ly hy­taý luk­man­çy­ly­gy iki müň ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri hal­kyň ara­syn­da meş­hur bo­lup gel­ýär. Gün­do­gar luk­man­çy­ly­gyn­da il­ki­baş­dan ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga uly üns be­ril­ýär, adam bol­sa äh­li ele­ment­le­riň bi­ri-bi­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýe­ke-täk ul­ga­my ha­sap­lan­ýar. Şu çe­me­leş­mä­niň ne­ti­je­sin­de hy­taý­ly­la­ryň uzak ýa­şa­ma­gyň düý­bi tu­tul­ýar.

Be­den­ter­bi­ýe bi­len hassalary bejermek

Adam be­de­ni­ni fi­zi­ki taý­dan be­jer­mek be­je­riş pro­se­si­niň ze­rur gör­nü­şi­dir. Be­den he­re­ke­ti ada­myň äh­li ag­za­la­ry­na tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.Fi­zi­ki iş­jeň­li­giň peý­da­la­ry we ne­ti­je­li­li­gi ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri bel­li­dir. Iki müň ýyl mun­dan ozal Hy­taý­da we Hin­dis­tan­da dür­li ke­sel­ler­den soň be­de­ni di­kelt­mek üçin dem alyş amal­la­ry we be­den iş­jeň­li­gi ula­ny­lyp­dyr. Ýü­rek, öý­ken ke­sel­le­rin­de tür­gen­le­şik we be­den­ter­bi­ýe iş­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy gol­da­ny­lyp gel­nip­dir.XX asy­ryň or­ta­la­ryn­da fi­zi­ki he­re­ket­ler giň­den ula­ny­­lyp baş­lan­dy. Hut şu dö­wür­ler­den baş­lap, alym­lar we luk­man­lar fi­zi­ki iş­jeň­li­giň adam be­de­ni­ne ed­ýän tä­si­ri­ni gi­ňiş­le­ýin öw­re­nip gel­ýär­ler. Ge­çi­ri­len göz­leg­le­re we al­nan mag­lu­mat­la­ra gö­rä, luk­man­çy­lyk ugur­la­ry­nyň kö­pü­sin­de fi­zio­te­ra­pi­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýo­ka­ry de­re­je­le­ri gör­kez­di: Gi­po­te­ra­pi­ýa

Jo­ra­by ýat­dan çy­kar­ma

(Pe­lä­niň öz ça­ga­ly­gy­na ýa­zan ha­ty) 2016-njy ýyl­da «The Players’ Tri­bu­ne» Pe­lä­niň öz ça­ga­ly­gy­na ýüz­le­nip ýa­zan ha­ty­ny çap et­di. Kalp­la­ryň in­çe ta­ry­na kak­ýan bu ha­t ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len fut­bol­çy­nyň nä­hi­li ýa­şan­dy­gy­na, nä­me­le­riň pi­ki­ri­ni eden­di­gi­ne bir­ne­me go­wy dü­şün­mä­ge ýar­dam eder.

Bas­gan­çak­lar­da ýö­re­me­giň sag­lyk üçin äh­mi­ýe­ti

Eda­ra­lar­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da ýo­kar­ky gat­la­ra çyk­mak üçin lif­tiň gi­rel­ge­le­ri­niň ag­zyn­da hü­mer­le­ni­şip du­ran adam­la­ra hä­li-şin­di ga­bat gel­ýän­di­ris. Bi­ziň ins­ti­tu­ty­myz­da hem lif­tiň kö­me­gin­den as­la peý­da­lan­ma­ýan mu­gal­lym­lar ga­ty kän. Paý­tagty­ymy­zyň bi­na­gär­lik keş­bi­ne öz­bo­luş­ly gel­şik ber­ýän 12 gat­dan yba­rat okuw bi­na­myz­da lift el­my­da­ma zo­wal­syz iş­le­ýär. Mu­gal­lym­dyr ta­lyp­la­ryň ýo­kar­ky gat­la­ra, esa­san, bas­gan­çak­lar­dan mün­ýän­dik­le­ri, el­bet­de, be­den ter­bi­ýe­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Dog­ru­da­nam, bas­gan­çak­lar bi­len ýo­ka­ry gal­nan­da ýa-da aşak dü­şü­len­de be­de­ne düş­ýän ýük­len­me­le­riň ne­ti­je­li­li­gi ha­ky­ky sport maşk­la­ry­nyň­ky­dan pes däl­dir, onuň üs­te­si­ne hem he­re­ke­ti çalt­lan­dyr­mak ýa-da ha­ýal­lat­mak ar­ka­ly ol ýük­len­me­le­ri özü­ňe göw­ne­jaý de­re­je­de saz­la­mak müm­kin. Şeý­le­lik­de, biz bas­gan­çak­lar­da ýö­rä­ni­miz­de hem-ä öz bar­ma­ly ýe­ri­mi­ze bar­ýa­rys, he­mem sag­ly­gy­my­zy ber­kid­ýä­ris. Sag­lyk bol­sa bi­ziň her bi­ri­miz üçin iň gym­mat­l

Uzak ýaşamagyň syr­la­ry

Ýa­po­ni­ýa hä­zir­ki wagt­da uzak ýaş­ly­la­ryň mes­ge­ni ha­sap­lan­ýar. Ol ila­ty­nyň sa­ny bo­ýun­ça, şeý­le-de or­ta­ça ýa­şyň beý­le­ki­le­re ga­ra­nyň­da uzak­ly­gy ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy ýurt­dur. Ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, bu ýer­de or­ta­ça ýaş 110 ýyl diý­lip hasap edil­ýär. Şol se­bäp­li dün­ýä­niň ga­lan bö­lek­le­ri üçin ýa­pon­la­ryň uzak ýa­şa­ma­ga we müm­kin bol­du­gy­ça ýe­ne art­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän ja­dy­ly sy­ry he­mi­şe gy­zyk­ly bo­lup gel­ýär. Şol syr­la­ryň bi­ri hem iki­gaý, ýag­ny ýa­pon di­lin­de bagt pel­se­pe­si­dir. Psi­ho­so­ma­to­log we new­rop­si­ho­log Ýe­ka­te­ri­na Tur iki­ga­ýyň esa­sy ýö­rel­ge­si­niň düýp ma­ny­sy­ny düşündirýär. Onda nerw ul­ga­my­na aşa ag­ram sal­man, uly mak­sat­la­ra ta­rap ýu­waş-ýu­waş­dan ki­çi­jik ädim­ler ar­ka­ly he­re­ket et­me­li­di­gi ba­ra­da aý­dyl­ýar. Se­bä­bi beý­ni glo­bal pro­ses­ler­den gork­ýar. Eger do­wam­ly psi­hi­ki-emo­sio­nal dart­gyn­ly­lyk­dan ga­ça du­rul­sa, ömür has uzak bo­lar. Şun­da ýa­kym­ly, oňyn duý­gu­la­ra esa­sy orun de­giş­li­dir. So­si­al stig­ma­lar­dan, gap­ma-gar­şy­lyk­lar­dan, je

Agşamky maşklar

Iş gü­nün­den soň sport zal­la­ry­na gat­na­mak he­mi­şe müm­kin däl. Köp­lenç, mu­nuň üçin ýe­ter­lik wagt bol­ma­ýar. Ýö­ne sag­dyn bol­mak üçin öý­de öz­baş­dak tür­gen­le­şip bi­ler­si­ňiz. Esa­sy zat, fi­zi­ki iş­jeň­lik­de gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň bol­maz­ly­gy üçin sag­lyk ýag­da­ýy­ny göz öňün­de tut­mak bi­len maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de dog­ry usu­ly saý­lap al­mak­dyr. Fit­nes tä­lim­çi­le­ri ag­şam nä­dip maşk et­me­li­di­gi ba­ra­da gür­rüň ber­ýär­ler. Haý­sy tür­gen­le­şi­gi saý­la­ma­ly?

Täze ýyl – täze eýýam

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 2022-nji ýyl Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan şan­ly wa­ka­la­ra baý bol­dy.

Bedenterbiýe we sportda gazanan üstünliklerimiz sergilerde mynasyp orun aldy

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da sport ul­ga­myn­da üs­tün­lik­ler ga­za­ny­lyp, uly ösüş­le­re ýe­til­ýär. Jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri ber­ka­rar edi­lip, ýaş nes­liň be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ýo­ka­ry we­zi­pe­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly äh­li ba­bat­da giň ge­rim­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Bu ýyl­da ýur­du­myz­da bir­nä­çe ser­gi gu­ra­lyp, olar­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport baradaky döwlet ko­mi­te­ti­niň hem di­war­lyk­la­ry ýer­leş­di­ril­di. Olar­da türk­men spor­tu­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Röwşen geljegiň hatyrasyna

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek san­ly ul­gam ar­ka­ly guralan ilat ýa­zu­wy ta­mam­landy. De­kabr aýy­nyň 17 ― 27-si ara­ly­gyn­da geçirilen Türk­me­nis­tan­da ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy «Ilat ýa­zu­wy ― 2022: Je­bis­lik, Bag­ty­ýar­lyk, Röw­şen gel­jek» at­ly şygar bilen guraldy. Bu mö­hüm çä­re Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ilat gaz­na­sy bi­len bi­le­lik­de ge­çi­ri­ldi.