"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Žurnalistikanyň žanrlary habar beriş žanrlary hakynda maglumat

Žurnalistika özboluşly döredijilik işi hökmünde nusgawy hem-de milli sungatlardan düýpli tapawutlanýar, çünki onuň halk köpçüligine täsir ediş usullarynyň esasynda maglumat bar, has dogrusy, maglumata gatnaşyklar onuň düýp mazmunyny emele getirýär. Žurnalist döredijiliginiň bu binýatlyk esasyna laýyklykda, häzirki we öň ulanylan žanrlary üç sany esasy topara, ýagny habar beriş, seljerme beriş we çeper-publisistik toparlara bölmek bolýar. Habar beriş žanrlaryna

Tymsallar

ÝAZGYT Şotlandiýada Fleming atly örän garyp daýhan ýaşaýardy. Ol bir gün ýerinde işläp ýörkä biriniň gygyran sesini eşidýär. Ol ses gelen tarapa ylgaýar. Baryp görse, batgalykda biline çenli batan çagany görýär. Çaga batgalykdan çykjak bolup, elinden gelenini edýärdi. Daýhan ol çagany batgalykdan çykaryp, ölümden halas edýär. Ertesi gün Flemingiň öýüne gymmatbahaly ulagda örän baý adamlaryň biri gelýär. Ol daýhana düýnki halas eden çaganyň kakasydygyny aýdýar. Ol daýhana:

Şirin sözli ýazyjy

Sözüň jadylaýjy güýjüne imrinip, ykbalyny döredijilige baglan ýazyjy-şahyrlaryň her bir eseri, ömür ýoly hiç bir adamy-da biparh goýmaýar. Ine, sekiz onlugy arka atsa-da, döredijilige «arka öwürmedik», gaýta ýyl geçdigiçe täsirli eserleri döredýän halypa ýazyjynyň – Şirinjemal Geldiýewanyň adyny eşitmedigimiz ýokdur. Hem edebiýatda, hem ylmy işlerinde ençeme «çorba sowadan» halypa ýazyjynyň tutanýerli yhlasyna, zähmetsöýerligine berekella diýäýmeli. Biz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory Şirinjemal Geldiýewanyň ýanyna baranymyzda, çeper sözüň ussady, süýji dilli ýazyjy bilen derrew sözümiz alşyp gitdi. — Şirinjemal halypa, döredijilik dünýäsi — täsin dünýä. Şol «dünýäniň» täsinligine, gyzygyna düşen ilkinji günleriň — çagalygyňdan söhbet edäýsek. Ilkinji çap bolan eseriňi ýatlamak biz üçinem, siz üçinem gyzykly bolsa gerek.

Öz-özüniň gözleginde

ÖZÜŇI ÖZÜŇ GÖZLÄŇDE, DAŞ-TÖWEREKDEN MASLAHAT BEREN BOLMAZ EKENI. Baýezid Bistamynyň gapysyny kakýar.

Türkmen sözüniň dürleri

Ýeriň ýüzünde wagtyň, agyr-agyr heňňamlaryň, gerdişleriň şatysyna döz gelip bilýän söz ýaly başga bir gudrat barmyka?! Gök ummanlar bugaryp-bugaryp galýar, sary sähralara öwrülýär. Hanasyna sygman çyrpynýan tereň derýalar «wagty ýetse, gurap, ýer dek bolýar». Älemiň ýalaňaç ýüregine meňzäp duran belent-belent daglar gara ýeriň ýüregine bata-bata, ýer bilen deňleşýär galyberýär. Iň uzak ýaşaýan çynar müň ýyl ýaşaýar. Söz weli galýar, ol – bakylygyň hemrasy. Asyrlaryň jümmüşinden goja Gerodotyň pähimli pyşyrdysy eşidilýär. Gomeriň ähli dillerde ýaňlanýan setirleri ony şu günlerem aramyzda ýaşadyp ýör. Ýusup janyň: «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol» diýen sözi asyrlarboýy nesilleri watançylygyň iň bir nurana nusgasynda terbiýeläp geldi. Balasagunlynyň «Bagtly edýän ylmy» sözüň ýaşamaga ukyplydygynyň göreldesidir. Gündogar sözüniň öçmejek Günleri, Aýlary, Ýyldyzlary — Nyzamy, Firdöwsi, Jamy, Nowaýy, Hafyz, Hakany, Nesimi, Magtymguly ýaly genileriň pähim nury ynsan köňülleriniň üstünden şöhle saçýar, dünýäniň garaňkylyklaryny röwşen edýär. Adamlara dünýäniň ýollary bilen azaşman gitmäge ýardam edýär.

Dünýäde näçe ýordum bar?

...Ýazmak — iňňän kyn, şol bir wagtda-da bendi ediji lezzetli iş, şonuň üçin ýazyjynyň ýa şahyryň zähmetine ýöne ýere «döretmek» diýlenok. Sebäbi bu hysyrdyly zähmetiň netijesinde täze bir dünýä: gurşaw, adamlar, ykballar, häsiýetler, duýgulardyr pikirler döreýär. Dünýäniň edebiýaty seljerijileriniň pikiriçe, adamzadyň antik döwürden bäri çeper döredijilik mirasynda şu güne çenli özgermedik 6 sany ýordum bar.

Döwür hem döredijilik

Halypa-şägirtlik ýörelgesi hünäriň kämilleşmegini, ýaşlaryň tejribe toplamagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan halypa ýazyjy Jumageldi Mülkiýew bilen söhbetdeş bolduk. Ol žurnalist Gurbangeldi Mämmetsähedowyň sowallaryna jogap berdi. — Gürrüňimizi «Döwür hem-de döredijilik» temasyndan başlaýalyň. Siz geçen asyryňam, häzirki döwrüňem döredijilik meýdanynyň oduna ýanyp, suwuna taplanan adam. Siziň pikiriňizçe, döwür hem döredijilik düşünjeleriniň nähili arabaglanyşygy bar, döwür döredijilige nähili täsir edýär?

Dil gülzarlygynyň şeýdasy

Uly halypa bilen tanyşlyk Haýdar mugallym bilen ilki tanyşlygymy hemişe ýylgyryp ýatlaýaryn. Ýaňy bir Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa giräýen wagtlarymdy. Öň onuň bilen gaýybana tanyşlygym bolsa-da («Ogullaryma pent» atly makalalar toplumyny «Nesil» gazetinde birini sypdyrman okap çykypdym), ussady ne ýakyndan, ne telewizorda görüpdim. Şonuň üçinem okuwa başlaýan wagtlarymyz mugallymlarymyzyň ikisi bilen baglanyşyklylykda: «Uly Haýdar», «Kiçi Haýdar» diýilmegi ünsümi özüne çekipdi. Ýöne şonda-da gürrüňiň Haýdar Muhyýew baradadygyny kelläme-de getirmändim. Hünärimiz žurnalistika bolansoň, Haýdarlaryň ulusy-da, kiçisi-de bize entek sapak berenokdy. Ýöne fakultetimiziň dilçidir edebiýatçy toparlaryny welin ol mugallymlaryň ikisi-de okadyp ýördi. Şonuň üçinem gürrüňden gürrüň çykdy-da, olaryň ikisini-de entek tanamaýandygym barada dilçi ýyldaşlarymyzyň biriniň ýanynda gürrüň etdim. Olam edil şol pursat: «Hana, kiçi Haýdar-a gelýär» diýip, öňümizden gelýäne ümledi. Ol gelýän şol wagtlar ýaňy bir uniwersitetde mugallym bolup işe galan, ýaş mugallym Haýdarguly Muhammetgulyýew ekeni. Onuň bilen durmuşyň soňraky ýollarynda, dürli öwrümlerde kän gabatlaşmak, işleşmek miýesser etdi. Şol gezek welin gapdalymyzdan salamlaşyp ge

Asmany sungatyň ägirdi

Türkmen halkynyň saza garaýşy, ony mukaddesleşdirişi aňyrdan, onuň pikiriçe, saz zeminde dörän däl-de, asmany bir zat.

Şypa

— Habarlaşyň-a! Näme, at tutýan adam ýokmy bu öýde? Çasly çykan sese gapydan boýnuny bir uzadyp, soň göwresini ýene içerik çeken oglanjyk tüwdürilip barşyna jaýyň içki işigini açdy:

Ynam we ömür

Bir patyşanyň işine ezber, ylymly we ynamdar tebibi bar eken. Ýyllaryň geçmegi bilen olaryň arasyndaky ynam berkäp, arasyndan gyl geçmez diýilýän dostlara öwrülipdirler. Günleriň birinde patyşa ýarawsyzlyk tapynyp, ýagdaýy ýaramazlaşypdyr. Keseliň örç alýan günleri patyşa bir hat gelip gowuşýar. Onda şeýle diýilýän eken: «Size ýanyňyzdaky tebipden häzir bolmagyňyz gerek. Çünki ol janyňyza kast etmek isleýär».

Gysga hekaýalar

DEŇIZ ÝYLDYZY Jek Kenfild, amerikan ýazyjysy.

Sport – ýaşaýşyň bir bölegi

– Çary aga, siz ozal ýazyjy, žurnalist hökmünde tanalýardyňyz. Dört sany hekaýalar ýygyndyňyzy çykarmaga-da ýetişdiňiz. Häzir, esasan, terjimä agram berdiňiz. «Don Kihot», «Emir Teýmir», «Dünýäniň köpdürlüligi barada kitap», «Amadeý», «Gaýyp» ýaly göwrümli eserleri türkmen diline geçirdiňiz. Birden döredijiligiňiziň ugruny üýtgetmegiňiziň sebäbi nämede? – Terjime bilen ozalam meşgullanýardym. Bu ugur meniň üçin täzelik däl. Ýöne Serwantesiň «Don Kihot» kimin uly eserlere ozal ýanaşyp görmändim. Terjimä başym bilen berilmegime «Dünýä edebiýatyna» işe gelmegim sebäp bolan bolsa gerek. Edil beýlede däl. Arasynda hekaýalaram ýazyldy. Ýöne uly göwrümli eserleri türkmen diline geçirýän mahalyň öz döredijiligiňe kän eliň ýetmeýär. Şonda-da ençeme makala ýazdym.

Gündelikdäki ýazgylardan

Ýazyjy-şahyrlaryň dilinden ýazylyp alnan, şeýle-de käbir galamdaşlarymyň ýatda galan sözleri. Bir gezek iş otagynda otyrkak, okyjylaryň biri gapydan girdi-de, Myratgeldi Berdiýewe ýüzlendi:

Tymsallar

ÝÜWRÜK PÄLWAN Ir zamanda il içinde «Ýüwrük pälwan» adyny alan, uzak ýaşan bir adamy welaýatyň häkimi çagyryp:

Bir aýdymdan täsirlenip...

Eger uçmah ýerde bolsa, Üstünde sen, Türkmenistan!

Çäge we daş

Uzak ýola çykan iki dostuň arasyna bir gün tow düşüpdir. Olaryň biri beýlekisiniň dulugyna şarpyk çalypdyr. «Taýak iýen» dostuna garşylyk görkezmändir. Ýöne ol çägäniň ýüzüne «Şu gün iň gowy görýän dostum maňa şarpyk çaldy» diýip ýazypdyr. Olar birek-birekden kine edip, gürleşmän ýollaryny dowam edipdirler. Esli menzil geçensoňlar öňlerinden derýa çykypdyr. Suwa düşmek üçin derýa giren dostlaryň hälki «taýak iýeni» tasdan gark bolýan eken. Şarpyk çalan dosty ony halas edipdir. Halas bolan adam daşyň ýüzüne «Şu gün iň gowy görýän dostum meni gark bolmakdan halas etdi» diýip ýazypdyr.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň esasydyr

Bitarap döwletimiziň oňyn, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Türkmenistan – halkara sport hereketiniň ýokary ynsanperwerlik taglymatlaryna ygrarly bolmak bilen, dünýä, yklym we sebit derejesinde iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Türkmenistan döwletimizde olimpiýa hereketini, ýokary derejedäki milli sporty ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar.

Emin bolmak aňsat däl

Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýän döwürde guramaçylar bilen häli-şindi iş salşyp duruldy. Dünýä çempionatynyň resmi saýtyna jogapkärler bilen bolsa Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedow işleşdi. Soň-soňlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty üçin agyr atletika bilen bagly habardyr maglumata zerurlyk dörese, Çarygeldi Mämmedowa ýüz tutýardyk. Günüň islendik wagtynda habarlaşsaňam, onuň äheňinden seniň jaň ederiňe garaşyp oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Türkmenistanly Olimpiýaçylaryň Tokio ugramaly wagty golaýlanda türgenler we tälimçiler bilen birlikde eminiň hem gatnaşýandygy baradaky habary eşidip, bir begendik. Tokio Olimpiadasynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etjek şol eminiň köne tanşymyz Çarygeldi Mämmedowdygyny bilip, iki begendik. Tomusky Olimpiadalaryň taryhynda ilkinji gezek agyr atletika ýaryşlaryna türkmen hünärmeniniň eminlik edendigi bolsa ýene-de bir gezek begenmegimize we oňa guwanmagymyza sebäp boldy.

Ýa balam sen, ýa balamy görüp sen...

Ýazyjy Kömek Kulyýewiň «Ömür kerweni» powesti şeýleräk jümle bilen jemlenýär: «Iki atdaş ara bir ömri goýup, wagtlaýynça hoşlaşdylar». Ajaýyp gerek?! Ýöne men bu gezek şu jümläni biraz üýtgedip ulanmaly boldum. «Bir ömre ýerleşen iki şahsyýet ara bir müçäni salyp, ýene duşuşdy». Hawa, bir ömürde iki şahsyýeti ýerleşdirip bolýan ekeni. Nädip diýýäňizmi? Geliň, yzarlap göreliň!