Uzak ýola çykan iki dostuň arasyna bir gün tow düşüpdir. Olaryň biri beýlekisiniň dulugyna şarpyk çalypdyr. «Taýak iýen» dostuna garşylyk görkezmändir. Ýöne ol çägäniň ýüzüne «Şu gün iň gowy görýän dostum maňa şarpyk çaldy» diýip ýazypdyr.
Olar birek-birekden kine edip, gürleşmän ýollaryny dowam edipdirler. Esli menzil geçensoňlar öňlerinden derýa çykypdyr. Suwa düşmek üçin derýa giren dostlaryň hälki «taýak iýeni» tasdan gark bolýan eken. Şarpyk çalan dosty ony halas edipdir. Halas bolan adam daşyň ýüzüne «Şu gün iň gowy görýän dostum meni gark bolmakdan halas etdi» diýip ýazypdyr.