"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Halypa geolog

Berdi Myradowiç Täçmyradow öz döwründe Türkmenistanyň belli we baý tejribeli geologlarynyň biri bolmak bilen, onuň ýokary derejede iş başarjaňlygynyň netijesinde Gündogar Türkmenistanda gazly we gazkondensatly känleriň senagat gorlaryny hasaplamak boýunça hasabatlarynyň 20-ä golaýynyň (Demirgazyk Ojak, Naýyp, Demirgazyk Balguýy, Tejen we Gündogar Tejen, Mollaköl we Şorköl, Üçajy, Seýrap, Gündogar Üçajy, Malaý, Gazlydepe (Gagarin), Ýolguýy, Çartak, Çägelik, Bäşgyzyl (Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy) we Kükürtli) Gorlar baradaky Döwlet toparynda tassyklanandygyny bellemek gerek. Hasaplanan gaz gorlary ýokary derejede tassyklanyşy bilen häsiýetlenýär. Tanymal geologyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda belli bolan goteriw ýarusynyň «şatlyk» önümli gorizonty boýunça uly kän hasaplanýan Malaý käniniň demirgazyk-gündogar böleginde onuň gazly meýdanynyň artmagyna mümkinçiliginiň bardygyny göz öňünde tutup, ol ýerlerde seýsmiki barlag işlerini geçirmek teklip edilmek bilen, degişli işler ýerine ýetirilýär. Soňra ol işleriň netijelerine laýyklykda, meýdanda birnäçe gözleg-barlag guýularyny burawlamak teklip edilýär. Goşmaça burawlanan guýularyň netijesinde käniň şol böleginde täze gümmeziň bardygy ýüze çykarylýar hem-de käniň gaz gorlary 14 milliard m3 golaý artdyrylýar.

Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwrebap tehnologiýalar we ýokary innowasiýalar durmuşymyza tiz aralaşýar. Bilim ulgamynda iň häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösüşiniň binýadynyň berk bolmagyny üpjün etmek bilen birlikde, bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze mümkinçiliklerini açýar.

Ählumumy tagallalara goşant

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Onuň işine baýry ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, käbir döwletleriň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Iki tapgyrdan ybarat bolan maslahatyň birinji tapgyrynda institutymyzyň rektory, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi, Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri we beýleki myhmanlar çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsirine ünsi çekdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesliň ekologiýa sowatlylygyny kämilleşdirmek bu ýagdaýlaryň öňüni almakda möhüm ädim bolar.

Ýer — ekeniňki...

Ýurdumyzyň oba hojalygynda peýdalanylýan ýerleriň gurplulygyny ýokarlandyrmakda, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmakda, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň seleksioner alymlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeli bolmagyny gazanmakda ekin dolanyşygynyň uly ähmiýeti bar. Ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygy talabalaýyk we ekinleriň görnüşlerine görä ýola goýlanda gowaçadan, bugdaýdan, gök-bakja we beýleki ekinlerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik döreýär.

Ylym — köňülleriň çyragy

Ylym — ösüşlere badalga

«Ylym okan ýol ta­nar»

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Ýurdumyzda Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýär. Däp bo­lup gel­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da her ýyl tä­ze okuw ja­ý­la­ry­nyň bi­na­la­ry gu­rul­ýar we ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Tä­ze okuw ýy­ly­nyň ba­şyn­da Wa­ta­ny­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we et­rap­la­ryn­da bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­ýär, ol çä­re­le­re ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar we ýer­li ýa­şaý­jy­lar gat­naş­ýar­lar.

Yl­my-ama­ly mas­la­hat

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Uglewodorod serişdeleriniň emele gelşi

Uglewodorod serişdeleriniň emele gelşi baradaky çaklamalarda olaryň organiki we organiki däl emele gelşi barada aýdylýar. Nebitiň we gazyň organiki emele gelşine esaslanyp, iri nebit-gaz toplanan zolaklary açmakda uly işler edilip gelinýär. Nebitiň genetiki tebigatyny we onuň emele geliş şertlerini öwrenmekligi ylym birnäçe döwre bölýär. 1-si — ylmy garaýyşdan (1546 ý.) öňki döwür. 2-si ylmy çaklamalar döwründe 1759-njy ýylda rus alymy M.W.Lomonosow tarapyndan nebitiň organiki emele gelmesi baradaky pikir aýdyldy. Nebitiň emele gelşi baradaky ylmy çaklamalaryň 3-nji döwri nebit senagatynyň döredilmegi we ösdürilmegi bilen baglydyr. Bu döwürde nebitiň organiki däl (mineral) we organiki emele gelşi barada ençeme çaklamalar peýda boldy.

Guýyny özleşdirmekde iki fazaly köpürjik usulyny önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýeti

Häzirki wagtda ýurdumyzda işlenip geçilýän iri gazkondensat ýataklarynyň biri bolan Döwletabat gazkondensat käninde çykarylan tebigy gazyň göwrümine baglylykda başlangyç gatlak basyşy ep-esli derejede aşak düşdi. Bu ýagdaý bolsa, öz gezeginde, ulanyş guýularyny özleşdirmekde düýpli meseleleri ýüze çykardy. Pes gatlak şertlerinde guýyny suw ýa-da toýunly ergin bilen basmarlamak guýularyň önüm berijiligini peseldýär. Guýulary özleşdirmek we düýp çuňluk zolagy işlemek üçin köpürjik ulgamyny ulanmak has amatly diýlen netijä gelindi we ežektorly köpürjik generatory ulanmak peýdaly diýlip hasap edildi. EG-1 gaz ežektoryny kämilleşdirmek ýoly bilen gazsuwuklyk ežektory, ýagny ežektorly generator işlenip taýýarlandy. Iki fazaly köpürjik usul Döwletabat gazkondensat ýatagynyň 986-njy, 989-njy, 519-njy belgili ulanyş guýularynda önümçilige ornaşdyrylyp ulanyldy.

Halypa alym geolog

Aksakgal alym Ödek Akjaýewiç Ödekow 1934-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. 1951-nji ýylda Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebi üstünlikli tamamlaýar. 1956-njy ýylda Moskwanyň akademik I.M.Gubkin adyndaky nebitçilik institutyny dag-magdan inženeri — geofizik hünäri boýunça tamamlaýar. Zähmet ýoluna 1956-njy ýylda Moskwanyň nebitçilik institutyny tamamlanyndan soňra «Средазнефтегеофизика» trestiniň seýsmiki toparynyň inžener-interpretatory wezipesinde başlaýar. 1958-nji ýylda TSSR Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynyň aspiranturasyna okuwa girýär we ony 1961-nji ýylda tamamlap, şol institutyň uly ylmy işgäri wezipesinde işleýär. Ol «Goturdepäniň geologiki gurluşy we nebitliligi» temasy boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny Azerbeýjanyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynda goraýar. 1971-nji ýylyň 6-njy aprelinde Ödek Akjaýewiç Moskwanyň akademik I.M.Gubkin adyndaky Nebithimiýa we gaz senagaty institutynda «Geologiýa-geofizika barlaglar boýunça Kaspiý-Köpetdag sebitiniň kaýnozoý gurluşy (strukturasy) tektonika ösüşiniň taryhy, emele geliş mehanizmi, klassifikasiýasy we nebit-gazlylygy» diýen tema boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. 1973-nji ýylda öňki Soýuzda ilkinji gezek oňa iki hünär — gazylyp alyn

Teňňeşynas alym

Gadymy teňňeleri öwreniş ylmy bolan numizmatika dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip gelýär. Berkarar döwletimizde teňňeleri öwreniş ylmynyň düýbüni tutan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Tirkiş Hojanyýazowdyr.

Eýran we Türkmenistan ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiliklerini öwrenýär

"ISNA" habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň Ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen üç günlük duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tenologiýalar uniwersitetiniň wekilleri iki ýurduň ylmy kuwwatyny ösdürmekde we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň giň ýol açjakdygyny bellediler. Türkmen hünärmenleri nebit-himiýa, elektron we beýleki ugurlar boýunça Meşhediň Ylmy-tehnologiýa parkynyň mümkinçilikleri bilen tanyşyp, innowasiýa we tehnologiýa babatynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Ylym ba­ra­da hem­me za­dy hem­me­ler­den köp bil­ýä­rin!

Fatih DIKMEN,türk ýazyjysy 50 sany gyzykly sowal hem-de jogap!

Nebit göteriji turbalar bilen önümli gatlaklar sazlaşykly işlände...

Uglewodorodlaryň emele gelşi

Tebigy gaz ýeriň çökündi dag jynslarynyň gatlaklarynda ýygnanyp, düzüminde nebit bolan ýa-da arassa kükürtsiz gaz känini emele getirýär. Eýsem-de bolsa, tebigy gazlar näme? Tebigy gazlar, adatça, reňksiz bolup, ysy bolmaýar, nebit we gaz geologiýasynda tebigy gaz diýen adalga düzüminde uglewodorodlara degişli raetan hatarynyň agdyklyk edýän ýangyç gazlaryndan gelip çykýar. Tebigy gazlar erkin, utgaşykly we ugurdaş bolup bilýär. Erkin gaz — bu arassa gaz ýataklarynyň gazydyr. Utgaşykly gaz gaz-nebitli ýataklaryň «gaz börükli» gatlagynda nebit bilen gatnaşykda ýerleşýär. Ugurdaş gazlara nebitiň düzümindäki ergin gazlar degişlidir.

Buýan köküniň gym­mat­ly melhemi

Hä­zir­ki wagt­da bu­ýan kö­ki luk­man­çy­lyk­da iň köp ula­nyl­ýan der­man­lyk se­riş­de­le­riň bi­ri­dir. Onuň dü­zü­min­de bio­lo­gik iş­jeň mad­da­la­ryň dür­li to­pa­ry­na de­giş­li bir­leş­me­ler bo­lup, ola­ryň ara­syn­da gli­sir­ri­zin kis­lo­ta­sy hem bar. Bu önü­me ta­lap gün-gün­den art­ýar. Ol açyk sa­ry reňk­li kris­tal­lik mad­da bo­lup, so­wuk suw­da eremeýär. Gyz­gyn suw­da we eta­nol­da go­wy ere­ýär. Onuň ag­li­kon bö­le­gi bir esas­ly gli­sir­re­tin kis­lo­ta­sy bo­lup, 11-nji ug­le­rod ato­myn­da ke­to to­par sak­lan­ýar. Gant bö­le­gi glýu­ku­ron kis­lo­ta­sy­nyň iki mo­le­ku­la­syn­dan yba­rat­dyr. Gli­sir­ri­zin kis­lo­ta­sy or­ga­ni­k bir­leş­me­le­riň tri­ter­pen sa­po­nin­ler to­pa­ry­na de­giş­li çyl­şy­rym­ly hä­si­ýe­te eýe­dir. Ol bu­ýan kö­kün­de 8 — 24 gö­te­ri­me çen­li muk­dar­da sak­lan­ýar. Çig ma­lyň dü­zü­min­de am­mo­niý, ka­liý we kal­siý duz­la­ry gör­nü­şin­de bol­ýar.

Et ugurly jüýjeleri iýmitlendirmegiň biotehnologiýasy

Ýurdumyzda «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Ol ýurdumyzda amaly we düýpli ylmy barlaglary ýurduň ykdysady ýagdaýyndan, dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alyp, ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, bu ýokary okuw mekdebiniň garamagyndaky Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde biotehnologiýanyň usullaryny peýdalanmak arkaly ýerli çig mallardan oba hojalyk mallary üçin ot-iým garyndylaryny taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak we guşlaryň iýmitlendiriş rasionlaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň ýerli ot-iým serişdelerini giňden öwrenip, olary maldarçylykda we guşçulykda netijeli ulanmagyň usullaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak ylmyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Soňky ýyllarda oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň iýmitlendiriş rasionlarynda premiksler, witaminler, biogoşundylar bilen bir hatarda, mikroskopik suwotular hem giňden ulanylyp başlandy. Olara ýaşyl mikroskopik suwotulardan bolan hlorella hem degişlidir.

Söwda bilen baglanyşykly sözler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). EGREMÇE — dar halka, ýüzük.

Çökündileriň nebitgazlylygynyň görkezijileri

Institutymyzyň alymlary nebitgaz gorlary bilen bile duş gelýän ýerasty gatlak suwlarynyň aýratynlyklaryny indi 70 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda toplumlaýyn öwrenýärler. Çünki ýerasty gatlak suwlary nebitgaz ýataklarynyň emele gelmeginde, saklanylmagynda we dargamagynda aýratyn kesgitleýji orny eýeleýär. Olaryň emele gelşini, hereketini we himiki düzümini, fiziki häsiýetlerini, tebigy kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmak çökündileriň nebitgazlylygynyň görkezijisi hökmünde uly ähmiýete eýedir. Ylmy barlaglaryň netijesinde gatlak suwlarynyň himiki düzümi, onuň aýry-aýry elementleriniň mukdary boýunça çökündileriň nebitgazlylygynyň düzülen görkezijileri gözleg, barlag we agtaryş işleriniň meýilnamasy düzülende amaly taýdan ylmy teklipler görnüşinde önümçilikde peýdalanylýar. Alynýan maglumatlar nebitgaz görkezijileriniň üstüni ýetirýär. Gorlary hasaplamak we işläp geçmek baradaky gözükdirijileriň talaplaryna laýyklykda, gidrogeologik we gidrohimiki maglumatlar amaly taýdan degişli derejede peýdalanylýar. Olar gidrodinamiki şertleriniň häsiýetlendirilmegine we has takyk kesgitlenmegine ýardam berýär. Goturdepe nebitgaz käniniň günbatar böleginde gatlak basyşynyň derejesini saklamak üçin ýöriteleşdirilen gözegçilik guýulary arkaly deňiz suwlarynyň barlag gatlagyn