"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Bagbanyň bagban agtyklary

Ine, ýene-de bir ýyl taryha girip barýar. Halkymyz bu ýyly hem uly üstünliklere, şanly wakalara besledi. Türkmen daýhany, bu ugurdan iş alyp barýan hususy taraplar, daýhan hojalyklary döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňilliklerden hem-de goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, 2024-nji ýylda-da ekin ýeriniň her dabanyny alyn derleri bilen suwaryp, bol hasyl ýygnadylar. Biz hem Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda şeýle daýhanlar barada söhbet açmagy makul bildik. Kämil ýörelge — nesle görelde

Geljek ýylyň bol hasylynyň aladasy

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri şu günler möwsümleýin oba hojalyk işlerine uly ähmiýet berýärler. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini alyp barmakda daýhan birleşikleriniň hem-de daýhan hojalyklarynyň her birinde işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna jogapkärli çemeleşilýär. Bu işlerde agrotehnikanyň talaplaryna berk eýerilýär. Etrabyň “ak altyn” ussatlary hem geljek hasylyň aladasy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ýerleri ýaz ekişine taýýarlamagyň çäginde topragy fosfor döküni bilen gurplandyrýarlar, sürüm, tekizleýiş işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu zatlar etrabymyzyň oba zähmetkeşleriniň geljek, 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrundaky tutanýerli işleýändigini görkezýär.

Herekete — bereket

Doganlar Joraguly, Aşyrguly, Kadyr, Merýem Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginiň Güýç obasynda limon ösdürip ýetişdirýän ussat bagbanlar hökmünde tanalýarlar. Bu işe ilki başlan doganlaryň ortanjysy etrap merkezi hassahanasynyň «Tiz kömek» bölüminiň lukmany Joraguly Saparow boldy. Ol mundan 20 ýyl ozal öz melleginde ýyladyşhana gurup, limon agajynyň 60 düýp nahalyny ösdürip ýetişdirdi. Işe höwesli ýigit bu ugurdan kitaplaryň ençemesiniň gatyny agdardy, limon ösdürip ýetişdirýän bagbanlaryň maslahatlaryny diňledi. Şeýdip, limon ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplady, ondan bol hasyl aldy. Netijede her ýylky hojalyga gelýän girdeji barha artmak bilen boldy. Joraguly doganlaryna, goňşy-golamyna hem ýyladyşhana gurup, limon ekmekligi maslahat berdi. Olara limon ösdürip ýetişdirmegiň inçe syrlaryny öwredip, degerli maslahatlaryny berip durdy. Çekilen zähmet ýerine düşüp, doganlaryň yhlasy myrat tapdy. Ýakynda biz Joragulynyň ýyladyşhanasynda bolup gördük. Ol inisi Aşyrguly bilen ýetişen limonlary ýygnap ýören eken. Daşarynyň çigrekligindenmi, bu ýeriniň ýyly howasy, limonlaryň ýakymly ysy birhili janyňa hoş ýakýar. Şahalardaky düzüm-düzüm limonlar göreniň gözüni dokundyryp, ruhuny göterýär. Doganlaryň ýüz-gözlerindäki begenç alamatlaryny mese-mälim duýmak bo

Halkara ylmy-amaly maslahat

Durnukly ösüşiň ylmy esaslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygyna döwrebap usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendir. Şu jähtden Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli guralýar.

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli daýhançylyk däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Oba ýerinde märekelerde, toý-tomaşalarda ýa-da bäş-atly adamyň üýşen ýerinde ekilen ýer boş çykmasyn diýilmesi häli-şindi gulagymyza degýär. Öňki döwürlerde adamlar miweli agaçlary, gök-bakja, däneli ekinleri ösdürip ýetişdiripdirler. Daýhanlar halal zähmet siňdirilip ýetişdirilen oba hojalyk ekinleriniň bitginli hasylyny ýygnap, däne saklanýan jaýlarda, şeýle-de ýörite niýetlenen ýerlerde saklapdyrlar. Käbir ýyllarda güýz aýlarynda ekinleri sowugyň ir urmagy, ýaz paslynyň salkyn, ýagyşly bolmagy ýa-da ýaz paslynyň daýhançylyk üçin amatsyz gelmegi netijesinde ekin ýerleriniň hasylynyň pes bolmagyna, şonuň ýaly-da, ýere harçlanan tohum-çigidiňem ödelmedik mahalynda daýhanlaryň hasyl bolmady diýen manyda boş çykdyk diýäýmesi bar.

Şa serpaýly ussat daýhan

Ösüşlere beslenýän eziz Watanymyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň ösmegine hem uly üns berilýär. Daýhanlar, kärendeçiler, mülkdarlar, telekeçiler bereketli topragymyzdan bol hasyl alyp, azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşantlaryny goşýarlar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, dürli ekinlerden bol hasyl ýetişdirýärler. Şeýle daýhanlaryň biri hem Magtymguly etrabynyň «Sumbar» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Çarytagan Oraztaganowdyr. Ol daýhan birleşiginde ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri kärendeçi bolup işläp, dürli ekinlerden bol hasyl almakda özüni kemsiz tanatmagy başardy. Bäş ýyldan bäri bolsa 4 gektar kärende ýerinde ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda onuň sarp edijilere ýetiren ýeralmasy 64 tonna boldy. Etrapda ussat daýhanlaryň hatarynda tanalýan Ç. Oraztaganowyň geçen ýyllardaky zähmet görkezijilerine ser salanyňda hem onuň tüýs zähmet adamydygyna göz ýetirmek bolýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

Üstünlige beslediler Bäherden tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemek ugrundaky tagallalary ýerine düşdi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň agzalan öňdebaryjy kärhanasynda şanly ýylyň geçen on bir aýynda alnyp barlan önümçilik işleriniň görkezijileri hem şaýatlyk edýär. Has anyk aýtsak, gürrüňi edilýän kärhanada şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 15 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 108 göterim ösüş üpjün edildi. Şeýlelikde, kärhanada önüm öndürmek boýunça ýyllyk meýilnama 125 göterim ýerine ýetirildi.

Hoz bagynyň bagbanlary

Güýz tumşugyny göge tutup, aýazyň ysyny getirip ugranda, giç bişip ýetişýän dal-daragtlaryň hasyly ýygnalyp başlanypdy. Ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi gyzgalaňly dowan edýärdi. Hanhajykga, ýaňyrak ekilen nahallaryň baldajyklary hakyt gyzylinjigiň aýagy dek bolup, gyzaryp otyr. «Dünýä görki — täze nahal» diýleni. Il deňinde biz hem iki düýp hoz nahalyny oturtdyk. Güýz oturdylan nahal ýaza çenli gowy uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir baharda janlanyp ugraýar. Her kim bir zadyň yşkyna düşýär. Meniň pikir-oýum miwesini göterip bilmän ýegşerip oturan hoz baglarynda. Hudaýa şükür, altyn topragymyz bar, kesewini dürtseňem gögerjek. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hoz agajyny ýetişdirip, bol hasyl alýan başarjaň bagbanlarymyzdan hem dilgir bolar ýaly däl. Olaryň ýetişdiren baglaryny synlap, geň galmakdan ýaňa başyňy kaýyllyk bilen ýaýkap goýbereniňi duýman galýarsyň. Il içinde: «Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi» diýilýär. Bu durnukly söz düzümi nämedir bir zadyň gowudan-gowusyny islemegi aňladýar. Eýsem, hozuň mürrügi bolanda näme bolýarka?!

Yhlasa — myrat

Türkmeniň sahawatly topragy bar. Ol idegini kemsiz ýetirip, yhlas bilen hyzmat edene berekedini eçilip, bagtly durmuşa ýetirýär. Munuň şeýledigine biz maňlaý derini döküp, ene ýerden ýylyň-ýylyna bol hasyl almagy başarýan ildeşlerimiziň mysalynda hem göz ýetirýäris. Şolaryň biri hem 1991-nji ýyldan bäri ene topraga hyzmat edip, bugdaýdyr gowaçadan bol hasyl alyp gelýän Köýtendag etrabynyň Ters geňeşliginiň ýaşaýjysy Enargül Ersaryýewadyr. Ol 2021-nji ýylda geňeşligiň çäginde 99,17 gektar ýeri uzakmöhletleýin kärendesine aldy. Daýhan zenan ilkinji ýyl ýeriniň 42 gektaryna bugdaý, 42 gektaryna gowaça, galan bölegine-de şalydyr mäş ekdi. Ekinleriň idegini kem etmedi. Ýeterlik mukdarda ýerli we mineral dökünleri berdi. Yzygiderli suwdan gandyrdy. Çekilen zähmet ýerine-de düşdi. Ene toprak bol hasyl eçildi. Enargül şol ýyl döwlete 72,7 tonna derek 98 tonnadan geçirip, azyklyk däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdi. Ol şol ýyl gowaçadan hem meýilnamada görkezilen 75,6 tonna derek 105 tonnadan aşyryp, ýokary hasyl almagyň hötdesinden geldi. Şalydyr mäş ýaly ekinleriniň hasyly hem ýokary boldy. Ýeri gelende aýtsak, kärendeçiniň oba hojalyk ekinlerini ekip, önümçilik baradaky meýilnamalaryny berjaý etmedik ýyly ýok.

Rowaçlyklaryň binýady berkidilýär

Täze ýylyň öňüsyrasynda tamamlanyp barýan ýylyň bize nämeleri bagyş edendigine göz aýlamak, gazananlarymyzy ölçerläp, geljege belent maksatlary tutunmak örän ýakymly. Ildeşlerimiziň saçaklaryndaky bolçulykdan, ýüz-gözlerindäki şatlykdan çen tutubam, hoşlaşyp barýan ýylymyzda garaşylýan tamalaryň, arzuwlaryň hasyl bolandygyny bilip bolýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şowly gadamlaryň buýsançly ýazgylaryny galdyrdy. Bu ýylda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça meýilleşdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýeriň hasyl berijiligini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri döretmek, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlarda edilen işler has-da göze görnümlidir. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýöredýän syýasatlarynyň netijesinde welaýatymyzyň esasy pudaklarynyň biri hasaplanylýan oba hojalygynda häzirki wagtda kuwwatly önümçilik binýady emele geldi. Bu ýagdaý oba hojalyk ekinlerinden ýeterli hasyl ýygnalmagy üçin amatly şertleri üpjün edýär. Şu ýyl bugdaý, şaly we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerinden meýilleşdirilen hasyl artygy bilen ýygnaldy. Welaýatymyz

Oba hojalygy: gyş-meýdan işleri

Guramaçylykly barýar Şu günler ekerançylyk ýerlerinde gyş-meýdan işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gallaçylar kadaly boý alýan ak ekine ideg etseler, şugundyrçy kärendeçiler ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen meşgul bolýarlar. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna görä, toprak bejergisiniň özeni bolan sürüm işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Gant şugundyry ýygylýar

Yhlasly zähmetiň höziri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmak, hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bir ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek babatynda ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan önüm öndürijiler gowaçadyr bugdaýyň, gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirmäge çalyşýarlar. Welaýatymyzyň zähmetsöýer kärendeçileri şu günler bugdaýdan boşan meýdana ekilip, bol hasyly ýetişdirilen gant şugundyryny ýygnamak bilen meşgullanýarlar.

Gymmatly hem dermanlyk ösümlik

Zeýtun müň bir derdiň dermany hasaplanylýar. Bu ösümlik gadymy döwürlerden bäri ekilip gelinýär. Taryhy maglumatlara salgylanyp aýdanymyzda, ol irki döwürlerden bäri mukaddesligiň, berekediň, parahatçylygyň, asudalygyň nyşany hasaplanypdyr. Onuň miwesinde adam üçin peýdaly maddalar saklanýar. Ynsan bedenine ýokumlylygy bilen tapawutlanýan zeýtun ýagy hem peýdaly bolup, halk lukmançylygynda ulanylýar. Gadymy greklerde zeýtundan alynýan ýaga «garramazlygyň dermany» diýlipdir. Zeýtun agajy subtropiki howa şertlerinde ösmegi halaýar. Ol welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Mydam gök öwsüp oturan zeýtun agajy agrotehniki talaplara laýyk ideg edilende, köp hasyl bermäge ukyplydyr. Özi-de uzak ýaşaýan agaçlaryň biridir.

Baýramçylyk saçagyna

Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Garrykäriz obasynda ýaşaýan Garajaýewleriň zähmetsöýer maşgalasy diňe bir obada däl, eýsem, Gökdepe etrabynda hem limonçylar maşgalasy hökmünde tanalýar. Maşgalada limonariýa ýyladyşhanasynyň 3-si bar. Olaryň her birinde limon agajynyň 40 düýbi ýetişýär. Bu melhemlik ösümligi ýetişdirmekde häzir dynç alyşda ýören Perzaly aganyň özi ogullary Baba, Mergene halypalyk maslahatlaryny berip, görelde bolup gelýär. — Maşgala ýyladyşhanamyzda ýetişdirýän limonlarymyza ak bazarlarymyzda isleg hemişe uly. Ynsan saglygy üçin tenekar bolan limon önümlerimizi ilatymyzyň baýramçylyk saçagynda görmek uly bagt. Bu azyk bolçulygyna-da goşant. Limon hasyly şu ýyl hem bereketli boldy. Boýuna, ýaşyna görä, limon agajy her düýpden 200-den 300-e çenli, uşak görnüşi 500-e çenli hasyl berýär — diýip, bu iş bilen ýigrimi ýyl bäri meşgullanyp gelýän zähmetsöýer ýigit Mergen Garajaýew gürrüň berdi.

Daýhan ýigidiň göreldesi

Ömrüni oba hojalyk işlerinde işläp, uzak ýyllaryň dowamynda çeken önjeýli zähmetinden bagt tapan zähmet adamlarynyň waspy dilden-dile geçip, olaryň atlaryna öwgüli sözler aýdylýar. Şeýle zähmetsöýer adamlaryň biri-de Tejen etrabynyň Bitaraplyk geňeşliginde ýaşap, 40 ýyldan gowrak ene topraga bagry badaşyp, uly abraýyň eýesi bolan Agabaý Ýaýlymowdyr. Ol ir döwürlerde Tejen etrabynyň ozalky «Gowkyzereň» daýhan birleşiginde pagtaçylyk toparyna ýolbaşçylyk edip, ýerden ýokary hasyl almak bilen özüni zähmetsöýer daýhanlaryň hatarynda görkezmegi başarypdy. Ogly Gurbanmyrat hem oba ýaşaýjysy bolmak bilen, kesp-kärini tehnika baglady. Maşgalada kemala gelen çagalar Agabaý aganyň pentlerine uýup, köpüň içinde sylag-hormata mynasyp adamlaryň hatarynda tanalýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan ajaýyp günlerinde biz tejribeli daýhanyň kesbini ýöredip, täze hasylyň düýbüni mäkäm tutmak aladasynda yhlasly zähmet çekýän daýhan ýigit Baýramaly Agabaýew bilen ekin meýdanynda duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.

Rowaçlyklaryň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda ösüş-özgertmelere beslenen döwrümiziň her bir ýyly şöhratly sahypalar bolup taryha girýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan dabaralandyrylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň hem taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir. Tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, agrosenagat toplumynda-da belent sepgitlere ýetildi. Gallaçy daýhanlarymyzyň, gök-bakja ekerançylarymyzyň, bagbanlarymyzyň, maldarlarymyzyň çeken yhlasly zähmeti, ýüpekçilerimiziň gazanan üstünligi öwgüli sözlere mynasypdyr. Ýurdumyzyň ussat gallaçylary şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu belent sepgit Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň gallaçy daýhanlaryna, önüm öndürijilerine hemmetaraplaýyn berilýän goldawlaryň, satyn alnyp berilýän ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary, şeýle-de ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjünçiliginiň oňyn netijesidir.

Daýhan aladasy — ertirki hasyl

«Pähim — paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Akdepe etrabynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri ekilen gowaçadan we bugdaýdan bol hasyl alyp, döwlet harmanyna tabşyrmagyň hötdesinden geldiler. Annamyrat Annagurbanowyň ýolbaşçylyk edýän bu daýhan birleşigi, ýylyň-ýylyna pagtadan, bugdaýdan gowy netijeler gazanyp, etrapda öňdäkileriň hatarynda barýar. Daýhan birleşikde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin ýakynda hojalykda bolanymyzda, kärendeçi daýhanlaryň agzybirlikde ekin meýdanlarynyň töwereklerini haşal otlardan arassalamak işleri bilen meşgullanýandyklaryny görüp, hakykatdan hem, hojalykda işleriň ýokary derejede guralýandygyna doly şaýat bolduk. Biz daýhan birleşigiň şu ýylky gazanan netijeleri barada hojalygyň baş agronomy Merdan Hudaýberdiýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol:

Dary ekini

Pederlerimiz daryny iň düşewüntli ekinleriň biri hasaplapdyrlar. Şonuň üçin bu ekin barada halk arasynda «Serçeden gorkan dary ekmez», «Allanyň beren güni darydan köp» diýen ýaly, nakyllardyr aýtgylar hem döräpdir. Iýmitlik hökmünde ýokumlylygy bilen tapawutlanýan dary ýylylygy söýýän ekindir. Onuň tohumynyň gögermegi üçin 8 – 10 dereje ýylylyk gerek. Gurakçylyga çydamly bolan dary biologiki aýratynlygy boýunça tiz ýetişýändigi üçin ekerançylykda ätiýaçlyk ekin hökmünde hem ulanylýar. Darynyň tiz bişýän sortlary 50 – 60 günde hasyl bermäge ukyply. Ony güýzlük bugdaý oragyndan soň, aralyk ekin hökmünde ekip, hasyl almak bolýar. Bu gök we bakja ekinlerinden soň topragy gurplandyrmakda hem oňat netije berýär. Daryny aralyk ekin hökmünde düzümi boýunça dürli görnüşdäki toprakda ösdürip ýetişdirmek bolýar. Onuň talabalaýyk idegi ýetirilende ekerançylyk ýerlerinde haşal otlaryň, ekinleriň keseliniň we zyýankeşleriň azalmagyna, topragyň şorlaşmagynyň peselmegine we onuň iýmit maddalary bilen baýlaşmagyna şert döreýär. Şoňa görä-de, bu ekin ekilende ýerleriň haşal otlugy, zyýankeşleriň we keselleriň ýaýran derejesi hem-de topragyň şorlaşma ýagdaýy nazara alynýar.

Maldarçylyk bilen bagly adalgalar

Gowuş — mal oty üçin gür ekilýän jöwen. Goçgaçak — gyşda bolan guzy.

Bol hasylyň aladasynda

Ak bugdaý etrabynyň “Üzümli toprak” daýhan hojalygy welaýatymyzda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Annageldi Annaýewiň ýolbaşçylyk edýän bu daýhan hojalygy boýunça şu ýyl däne ýetişdirilen 85 gektar meýdandan bugdaýyň 400 tonna golaýy alyndy. Bu üstünlik hojalygyň zähmetkeşlerini täze-täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Şeýle bolansoň, gürrüňi edilýän daýhan hojalygynda geljek ýylyň galla hasylynyň aladasyna irgözinden girişildi. Birkemsiz sürüm, tekizlemek, geriş çekmek işleriniň irki möhletlerde geçirilip, güýzlük däne ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagy kadaly gögeriş gazanylmagyna getirdi. Häzirki günlerde daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanlary ýaşajyk maýsalara beslenip, göreniň göwnüni göterýär. Günsaýyn boý alýan maýsalara daýhan yhlasy bilen ideg edilýär. Bu bolsa geljek ýylda sahawatly toprakdan ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirmäge şert döredýär.