"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Şatlygy goşalandyran dabaralar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan iri möçberli taslamalarynyň her biri döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmeklige, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilýär. 11-nji sentýabrda ýurdumyzyň iň günorta künjeginde — Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara transmilli gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, «Şatlyk-1» kuwwatly gaz gysyjy desgasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Turgundy — Hyrat ýolunyň Turgundy — Sanabar böleginiň, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyklaryna badalga berilmegi, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň ugrunda gurlan uzynlygy 177 metr bolan köpriniň işe girizilmegi, Serhetabat elektrik bekedinden Owganystan döwletiniň Hyrat welaýatyndaky «Nur-el-Jahad» elektrik bekedine elektrik energiýasynyň ugradylyp başlanmagy Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar boldy. Şu mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatna

XI. Türkmenistanyň gaz senagatynyň ösüşi: şu güne we geljege nazar

1966-njy ýylda gaz gory boýunça iri Ojak gazkondensat käniniň ulanyşa girizilmegi bilen, ol Türkmenistanyň gaz senagatynyň döredilen ýyly hökmünde senelenip, ondan bäri geçen alty onýyllyga barabar döwürde bu pudakda uly ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy Türkmenistanyň senagat önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny düzýär. Bu gün gaz senagatynyň ösüşi we tebigy gazyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ýaşaýyş-durmuş hajatlarynda giňden ulanylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düýpli özgerýändiginiň şaýady bolýarys. Dünýäde iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň gorlary «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kub metre barabar bahalandyrylýar. Ol ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmäge hem-de dünýä energetika bazarynda öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär. «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanyşa girizilmegi Türkmenistany tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan we Katar Döwletinden soň dördünji orna çykardy.

Ykdysady galkynyşyň möhüm şerti

Mälim bolşy ýaly, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi üstünlikli geçirildi. Munuň özi ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň bardygyny görkezýär. Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen foruma dünýäniň ösen döwletleriniň, şol sanda ýurdumyzyň hem ýaş alymlary işjeň gatnaşdylar. Forum innowasion tehnologiýalar, himiýa senagaty we işewürlik babatynda öňdebaryjy kompaniýalary birleşdirip, biz — ýaşlarda täze gyzyklanmalary döretdi.

Bir­ža tä­ze­lik­le­ri

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 37-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy, uçar ke­ro­si­ni­ni, aw­to­ben­zi­ni, bin­ýat­lyk ýa­gy, gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, Tür­ki­ýä­niň, Pa­kis­ta­nyň, BAE-niň, Öz­be­gis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň işe­wür­le­ri “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len ECO-93 ky­sym­ly aw­to­ben­zi­ni, kar­ba­mi­di sa­tyn al­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurt pu­lu­na Hy­ta­ýyň, BAE-niň, Ga­za­gys­ta­nyň, Uk­rai­na­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne dok­ma se­na­ga­ty önüm­le­ri, nah ýüp­lük, aras­sa­la­nan nah ýüp­lü­giň ga­lyn­dy­la­ry ýer­le­nil­di. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 76 mil­lion 375 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 37 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Özbegistandan, Pakistandan, Owganystandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gazagystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, awiakerosini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny hem-de karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 76 million 375 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

9 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaç önümlerini eksport etdi

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Hytaý agajyň we agaçdan ýasalan önümleriň 9 milliard amerikan dollarlygyny eksport edip, bu ugurda dünýäniň lideri boldy diýip, «myfin.by» portaly habar berýär. Çeşmäniň ýazmagyna görä, sanawda ikinji orun şu ýylyň birinji ýarymynda 7,1 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaçdan ýasalan önümleri eksport eden Kanada degişli. Hasabat döwründe üçünji ýerdäki ABŞ-nyň bu ugurdaky eksporty 5 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Germaniýanyň (4,7 milliard amerikan dollary) hem-de Şwesiýanyň (2,1 milliard amerikan dollary) ady bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!

Ykdysady ösüş üçin netijeli meýdança: Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

Her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşi parahatçylygy, howpsuzlygy, sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň geçirilmegi, onuň bilen ugurdaşlykda serginiň guralmagy, şeýle-de iri işewürlik çäresiniň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen guralan halkara maslahat hem-de sergi bellenmäge mynasypdyr.

«Aýdyň gijeler» ösüş ýolunda

Wladislaw ADMAKIN,«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň taslama bölüminiň başlygy:  — Kärhanamyz elektron enjamlary öndürmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanýar. Ýokary hilli önümleri öndürip, halkymyza döwrebap derejede hyzmat etmekde mynasyp goşandymyzy goşýarys.

Muhammetguly OJAROW, «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň baş direktory:

 — Ýurdumyzda guralýan şu günki giň möçberli foruma hususy kärhanamyzyň gatnaşmagy diýseň buýsandyrýar. Kärhanamyz 2008-nji ýylda esaslandyryldy. Ilkinji günlerden bäri ýurdumyzda ulag-infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp gelýäris. Köpetdagyň gözel künjeginde bina edilen Arkadag şäheriniň ýol-ulag taslamalaryna gatnaşýandygymyza buýsanýarys. Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň içerki ýollary döwrebap ýagdaýda gurlup ulanylmaga berildi. «Akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň içerki ýollaryndaky gurluşyk işleri hem ýokary depginde alnyp barylýar.

Önümleriň eksport edilýän möçberleri artýar

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň sekiz aýynyň meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 2 müň 14 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 895 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde 15 million 13 müň 31 manatlyk iş edildi. Şeýle-de ýanwar — awgust aýlarynda buýan köküniň 2 müň 895 tonnasy, ekstraktyň bolsa 420 tonnasy eksport edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.

Ýurdumyzyň geljegi ynamly gollarda

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin örän möhüm ähmiýeti bolan mineral dökünler öndürilýär. Kärhananyň önümleri, esasan-da, oba hojalyk pudagynyň ösüşinde örän ähmiýetlidir. Uly ykdysady mümkinçilikleri özünde jemleýän bu kärhananyň düzüminde 26 sany önümhana hereket edip, olarda 1300-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Bu önümhanalaryň aglabasynda önümçilik bilen meşgullanylýar. Joşgunly zähmet zawodyň ähli bölümlerinde işleriň sazlaşykly guralyp, täze üstünlikleriň gazanylmagyna şert döredýär. Soňky ýyllarda kärhanada täze önümçilikleriň ýola goýulmagy ýa-da gaýtadan dikeldilmegi, sanly ulgamyň önümçilige ornaşdyrylmagy ýaşlaryň iş tejribeleriniň baýlaşmagyna giň ýol açýar. Zawodda himiýa senagatynda halypalyk mekdebini geçen, ýokary bilimli, öz işine ussat ýaşlaryň bolmagy aýratyn bellärliklidir. Himiýa kärhanasynyň bug-gaz-aýna gaýnadyjy bölüminiň hünärmeni Şamurat Rahmanow hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar.

Durnukly ykdysady ösüş

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, has takygy, sentýabr aýynyň 10-11-ine ak şäherimiz Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatynyň hem-de serginiň guralmagy baýramçylyk şatlygymyza şatlyk goşdy. Foruma dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly çykyş etmegi onuň täsirini has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini nygtap, milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Täze önümli guýy ulanyşa berildi

Ýurdumyzda geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmäge, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen gözleg-gazuw işlerine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgady bilen barýarlar. Olar ýakynda Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda 403 belgili ulanyş guýusyndan «gara altynyň» senagat akymyny almagy başardylar. Ussa Täçberdi Dädebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary taslama çuňlugy 4500 metr bolan täze guýynyň önümli aşaky gatlagynyň 4359 — 4356 metr we 4350 — 4345 metr araçäklerinde özleşdirme işlerini geçirip, senagat ähmiýetli nebit akymyny almagyň hötdesinden geldi. Täze guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ-70-DB» kysymly buraw desgasy ulanyldy. Täze guýy synag-sazlaýyş işlerinden soň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Häzirki wagtda bu ýerde gazuw işleri ýokary depginde alnyp barylýan guýularyň sany 12-ä ýetýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp garşylaýan burawlaýjylar olaryň dördüsini ýakyn günlerde önümçilige tabşyrmagy maksat edinip, ruhubelent zähmet çekýärler. 

Halyçylaryň zähmet sowgady

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halysy nepisligi, owadanlygy bilen ähli döwürlerde hem göreni özüne maýyl edip gelýär. Şeýle ajaýyp halylary dokamakda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň çeper elli zenanlary göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Muny kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler hem aýdyň subut edýär. Gyzylarbatly halyçylar ýylyň başyndan bäri 1896 inedördül metrden gowrak haly dokap, meýilnamany 102 göterimden gowrak berjaý etdiler.

Özbegistanda howa ulagy arkaly ýük daşamagyň möçberi artdy

2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanda howa ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberi 5,900 tonna barabar boldy. Özbegistanyň Statistika gullugyna salgylanmak bilen, bu barada «Trend» saýty habar berýär. Habarlar agentligi bu görkezijiniň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,2% ýokarydygyny belleýär. 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanda gara ýol we demir ýol arkaly 5,3 million tonna üstaşyr ýüküň daşalýandygy bellenilmelidir. Bu döwürde demir ýol arkaly daşalan üstaşyr ýükleriň möçberi 4,1 million tonna ýetdi, bu ýük daşamagyň umumy möçberiniň 77,9 göterimine barabar bolup durýar. Awtoulag arkaly 1,2 million tonna üstaşyr ýük daşaldy (bu ýük daşamagyň umumy möçberiniň 22,1 göterimine barabardyr).

Gazagystanyň ulag ministrligi ýük awtoulaglarynyň we awtobuslaryň sürüjileriniň Iş we dynç alyş düzgüniniň berjaý edilişini gözden geçirer

Gazagystanda Awtomobil ulaglary we ulag gözegçiligi komitetiniň başlangyjy bilen sürüjileriň Iş we dynç alyş düzgünini berjaý edişlerine gözegçilik etmekligiň «Tahograf» ady bilen biraýlyk geçirilýär. Lardi.Today bu barada BAMAP Halkara awtoulag arkaly ýük daşaýjylar birleşiginiň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen habara salgylanýandygyny belledi. Bu çäre 2024-nji ýylyň 9-njy sentýabryndan 9-njy oktýabryna çenli dowam eder. Çäräniň maksady ýolagçylary, goş-golamlary ýa-da ýükleri daşaýan mahaly sürüjileriň Iş we dynç alyş düzgünini berjaý etmegine gözegçiligi güýçlendirmekdir.

Awgust aýynda täze ýeňil täjirçilik awtoulaglarynyň satuwy 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejäni gaýtalady

Tomus aýynyň soňky aýynda Russiýada 9374 täze ýeňil täjirçilik awtoulagy (LCV) satyldy – diýip, AUTOSTAT gullugynyň hünärmenleri «AUTOSTAT Operatiwka. Russiýanyň awtoulag bazary boýunça operatiw maglumatlar. 2024-nji ýylyň awgust aýynyň netijeleri» ady bilen geçirilen onlaýn-ýaýlymda habar berdiler. Mälim bolşy ýaly, bu netije şu ýylyň aprel aýynda gazanylan iň ýokary derejä dos-dogry laýyk gelýär (9374 sany). Şeýle hem awgust aýynyň görkezijisiniň iýul aýyndaky görkezijiden 7,3% ýokary bolandygyny hem-de bir ýyl ozalkysyndan (2023-nji ýylyň awgust aýy) 7,7% ýokarydygyny bellemelidiris.

Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

Aşgabat, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, “HI-TECH Türkmenistan — 2024” atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.