– Çary aga, siz ozal ýazyjy, žurnalist hökmünde tanalýardyňyz. Dört sany hekaýalar ýygyndyňyzy çykarmaga-da ýetişdiňiz. Häzir, esasan, terjimä agram berdiňiz. «Don Kihot», «Emir Teýmir», «Dünýäniň köpdürlüligi barada kitap», «Amadeý», «Gaýyp» ýaly göwrümli eserleri türkmen diline geçirdiňiz. Birden döredijiligiňiziň ugruny üýtgetmegiňiziň sebäbi nämede?
– Terjime bilen ozalam meşgullanýardym. Bu ugur meniň üçin täzelik däl. Ýöne Serwantesiň «Don Kihot» kimin uly eserlere ozal ýanaşyp görmändim. Terjimä başym bilen berilmegime «Dünýä edebiýatyna» işe gelmegim sebäp bolan bolsa gerek. Edil beýlede däl. Arasynda hekaýalaram ýazyldy. Ýöne uly göwrümli eserleri türkmen diline geçirýän mahalyň öz döredijiligiňe kän eliň ýetmeýär. Şonda-da ençeme makala ýazdym.