"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Kouçing – dolandyryşa täzeçe çemeleşme

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Daşky gurşawyň ösüşinde çarkandakly ýollaryň ýüze çykmagy ýurtda sosial, ykdysady we syýasy çökgünlik bilen bilelikde bazaryň bäsdeşikli şertlerinde öňdebaryjy orunlary eýelemäge çalyşýan hojalyk işiniň subýektlerini öz işewürligini ösdürmek, hususan-da, dolandyryş we işleri höweslendiriş ulgamlaryny ösdürmek üçin täze çemeleşmeleri gözlemäge mejbur edýär.  «Coaching» adalgasy sportdan gelen sözdür we iňlis dilinden «tälimçilik» diýlip terjime edilýär.

Italýan futbolynyň suratkeşi

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Gürrüň surat hakda gidende «göreç» atly galamymyz reňkler bilen başagaý bolup oturandyr, görseňiz. Ýaşaýyş görüp, soňam duýup başlanymyzda has gözeldir diýýäris. Adam surat çekende elini däl, aňyny işledýär. Bu bolsa meşhur italýan suratkeşi Mikelanželonyň aýdanlaryndan. Öňüňde ak kagyz. Reňkler. Özleri känem bolsa gyzgyn we sowuk diýen iki topara-da bölýärler olary. Ýuwaşjadan bolsa-da, ümsüm otagyň içini täsin sesi bilen doldurýan galamyň sesini eşidipmidiňiz?! Gözüň almasynda uly bir dünýä jemlenýändir. Hawa, siz çotgany suwa, soňam reňke batyryp, kagyzyň ýüzüne, iň bolmanda, bir gezek degrip görensiňiz. Şeýle dälmi? Çünki eller çyzmagyň küýünde, nämedir bir zatlary çekmegiň höwesinde. Ýöne aýagy bilen tutuş Italiýanyň suratyny çekenem bar. Kim ol? Mikelanželomy? Ýok! Rafaelmi? O-da däl! Oňa Roberto Bajio diýýärler.

Işleýän demir poslamaýar

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 «Biz garranymyzdan soň maşk etmeýäris, maşk etmänligimiz üçin hem garraýarys». Sportuň adam saglygyndaky ähmiýetini nygtaýan Dr.Kennet Kuperiň diýen bu sözlerini hemişe ýada salmalydyrys. Sport pudagynyň möhüm şahsyýetlerinden  biri bolan  Fil Naýt: «Bedeniňiz bar bolsa siz sportçy» diýýär.

Atşynaslyk sungaty dabaralanýar

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer ugruny kämilleşdirmek boýunça üstünlikli işler alnyp barylýar. Bu babatda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn buýsandyryjydyr.

Redýard KIPLING

ÝÜZ MÜŇ NÄME ÜÇIN Meniň alty kömekçimHem çakgan, hem çalasyn.Maňa habar berýärlerGelse bir zat bilesim.

Başlangyç fotograflar nämede säwlik goýberýärler

Toparlaýyn suratlar. Diňe bir adamyň suratyny alanyňda ilkinji kadrlaryň şowly bolup duranok. Eger-de birbada 20 adamyň suratyny almaly bolsaň weli, munuň has-da kyn işdigi düşnüklidir. Surat arkaly wakanyň möçberini görkezmek kyn bolan halatynda ony söz bilen beýan etmek maslahat berilýär.  Lenç edilen suratlar. Adata öwrülip giden eli diplomly, boýny medally suratlar biri-birini gaýtalaýar. Siziň fotoapparatyňyzyň obýektiwinden gözüni aýyrman seredip duran «gahrymanyň» ýüzünden onuň başdan geçirýän ahwalyny okamak mümkin däldir. Olaryň begenç gözýaşlaryny dökýän, ene-atanyň öz perzendine guwanýan pursatlaryny surata alyp bilseňiz, diňe şonda azabyňyz ýerine düşer.

Fotožurnalistlere maslahatlar

Milli Liderimiziň başda durmagynda  Türkmenistan Watanymyzda habar beriş serişdeleriniň  işini kämilleşdirmekde köpsanly işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda fotožurnalistikany ösdürmek boýunça hem ähli mümkinçilikler döredilýär. NÄMÄNI WE NÄDIP SURATA DÜŞÜRMELI?

Fotožurnalistler

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 HALYPA FOTOŽURNALIST DÖRTGULY MYRATGULYÝEW

«Garaşsyzlyk – bagtymyz»

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk – bagtymyz»  atly kitaby 3 dilde bolup, ol köpsanly suratlar bilen bezelipdir. Bu kitapda Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra amala aşyrylan işler, onuň taryhy ähmiýeti barada möhüm maglumatlar getirilipdir. «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly ajaýyp kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär.

Azajyk derdi aş basar

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Her bir işi ýedi ölçäp, bir kesen,Türkmenden daş bolan dert hem-de kesel.

Bedenterbiýe we sport

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 BEDENTERBIÝE WE SPORT HEREKETI DABARALANÝAR

«Bitarap Türkmenistan» makalalar toplumy

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 BITARAPLYK – BAKY BAGTYM

Çawy dünýä dolan toý

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda

Çaý içseň, ömrüň uzar!

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Çaýyň ynsan saglygyna täsiri barada gündelik metbugatda kän ýazyldy. Çaýyň düzümi, onuň ýokumlara baýlygy, nähili dertlere dermanlygy, ondan dürli jöwherleri, melhemleri ýasamagyň usullary barada dürli döwürlerde ylmy işler hem edildi. Görlüp oturylsa, bu şypaly içginiň saglyga ters täsir etmezligi üçin, bilip goýmaly zatlar bar eken. Hytaýly danalar «çaý gadaganlyklarynyň» 10-usyny anyklapdyrlar. Olary şeýle beýan etmek bolar:

Dermanlyk ösümlikler ‒ tebigatyň peşgeşi

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 TÜRKMENISTAN – DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ MEKANY

Dünýäni dürli reňklerde görmek isleseň...

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Her bir adam dünýäni birhili görýär. Ylym adamlary dünýäniň, durmuşyň her bir ülşünden ylmy many çykarmaga çalyşýarlar ýa-da şonuň näme üçin şeýledigini derrew ylmy esasda subut etmäge, akyl ýetirmäge we indiki boljak işleri öňünden kesgitlemäge başlaýarlar. Saz bilen iş salyşýan adamlar bolsa dünýäni notalaryň üsti bilen görýär. Olaryň eşidiş ukyby eýýäm başgaça. Olar hatda adaty adamlar üçin jansyz, sessiz bolan materiallardan hem owaz eşidýärler, şol eşidýän mukamyny bolsa gaýtadan ýene adamlara gaýtaryp berýärler. Söz sungatynyňky ýene tapawutly. Olar dünýäni sözüň üsti bilen ony okan adamlaryň hyýalynda janlandyrmagy başarýarlar. Şekillendiriş sungaty bolsa dünýäni diňe reňklerde berýär. Aňlamagy başarsaň reňkleriň manylary şeýle bir giň we çuň welin, olaryň üsti bilen temperatura, wagt, gaýgy-alada, şatlyk, tizlik, mähirdir söýgi ýaly abstrakt zatlaram duýmak bolýar.

Energetika pudagy

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 ENERGETIKA PUDAGYNDAKY GADAMLAR

Gündelikdäki ýazgylardan

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 (Ýazyjy-şahyrlaryň gürrüň bermeginde ýazylyp alnan,

Gündelikden gyýkyndylar

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Göwnüme ýazýan hekaýalarymyň haçandyr bir wagt okan hekaýalaryma çalym edýän ýaly bolup  durmasyna kän wagt sesimi çykarman gezdim. Ahyry bu ýakymsyz ýagdaý halys etimden ötüp, süňňüme ornansoň ondan çykalga agtaryp başladym.  Kelebiň ujuny ýitirip: «Bolmasa özümden ýazyjy çykmajagyny mert boýnuma alyp, galamymy äpberäýsemmikäm» diýibem gördüm. Uly ýazyjylar şeýle ýagdaýlarda näme edýärlerkä diýip, hemişe bolşy ýaly,  bu sowalymyň jogabyny ýene-de öňküje okan kitaplarymdan gözlemeli diýen karar geldim. Haýsy kitapdan başlamalydygym hakyndaky pikiriň üstünde kän eglenmeli bolmadym. Iküç aý bäri indi okaryn, şindi okaryn diýip kompýuterimiň iş stolunda saklap ýören kitabymy okap çykdym. Hut şu kitapda-da ýitigime duşdum. Soňky döwür  özümi aldym-berdime salyp, kösäp ýören duýgym zym uçan ýaly boldy. Muňa-da ol kitapdaky « Günüň saýasynyň düşýän ýerinde öň döredilen eserlere azda-kände çalym etmeýän täze eser döremez» diýen ýekeje sözlem sebäp boldy. Özümiň hiç kimiňkä meňzeýän däldir diýip, ýazýan hekaýalarymyň  ozaldan bar bolan eserlere ujypsyzja-da meňzemesi gutulgysyz bolsa, men näme üçin oda-köze düşüp ýörün?! Ne sebäpden düýn-öňňine çenlem y

Gyş paslyndan söz açsaň...

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 HEÝJANELEK, GYŞ GELDI!