Başlangyç fotograflar nämede säwlik goýberýärler

14 Ýanwar 2022
827

Toparlaýyn suratlar. Diňe bir adamyň suratyny alanyňda ilkinji kadrlaryň şowly bolup duranok. Eger-de birbada 20 adamyň suratyny almaly bolsaň weli, munuň has-da kyn işdigi düşnüklidir. Surat arkaly wakanyň möçberini görkezmek kyn bolan halatynda ony söz bilen beýan etmek maslahat berilýär.

 Lenç edilen suratlar. Adata öwrülip giden eli diplomly, boýny medally suratlar biri-birini gaýtalaýar. Siziň fotoapparatyňyzyň obýektiwinden gözüni aýyrman seredip duran «gahrymanyň» ýüzünden onuň başdan geçirýän ahwalyny okamak mümkin däldir. Olaryň begenç gözýaşlaryny dökýän, ene-atanyň öz perzendine guwanýan pursatlaryny surata alyp bilseňiz, diňe şonda azabyňyz ýerine düşer.

Taýýarlan Aşyr SAPAROW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.