Italýan futbolynyň suratkeşi

22 Aprel 2022
795

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022

Gürrüň surat hakda gidende «göreç» atly galamymyz reňkler bilen başagaý bolup oturandyr, görseňiz. Ýaşaýyş görüp, soňam duýup başlanymyzda has gözeldir diýýäris. Adam surat çekende elini däl, aňyny işledýär. Bu bolsa meşhur italýan suratkeşi Mikelanželonyň aýdanlaryndan. Öňüňde ak kagyz. Reňkler. Özleri känem bolsa gyzgyn we sowuk diýen iki topara-da bölýärler olary. Ýuwaşjadan bolsa-da, ümsüm otagyň içini täsin sesi bilen doldurýan galamyň sesini eşidipmidiňiz?! Gözüň almasynda uly bir dünýä jemlenýändir. Hawa, siz çotgany suwa, soňam reňke batyryp, kagyzyň ýüzüne, iň bolmanda, bir gezek degrip görensiňiz. Şeýle dälmi? Çünki eller çyzmagyň küýünde, nämedir bir zatlary çekmegiň höwesinde. Ýöne aýagy bilen tutuş Italiýanyň suratyny çekenem bar. Kim ol? Mikelanželomy? Ýok! Rafaelmi? O-da däl! Oňa Roberto Bajio diýýärler.