Emin bolmak aňsat däl

11 Noýabr 2021
827

Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýän döwürde guramaçylar bilen häli-şindi iş salşyp duruldy. Dünýä çempionatynyň resmi saýtyna jogapkärler bilen bolsa Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedow işleşdi. Soň-soňlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty üçin agyr atletika bilen bagly habardyr maglumata zerurlyk dörese, Çarygeldi Mämmedowa ýüz tutýardyk.

Günüň islendik wagtynda habarlaşsaňam, onuň äheňinden seniň jaň ederiňe garaşyp oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Türkmenistanly Olimpiýaçylaryň Tokio ugramaly wagty golaýlanda türgenler we tälimçiler bilen birlikde eminiň hem gatnaşýandygy baradaky habary eşidip, bir begendik. Tokio Olimpiadasynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etjek şol eminiň köne tanşymyz Çarygeldi Mämmedowdygyny bilip, iki begendik. Tomusky Olimpiadalaryň taryhynda ilkinji gezek agyr atletika ýaryşlaryna türkmen hünärmeniniň eminlik edendigi bolsa ýene-de bir gezek begenmegimize we oňa guwanmagymyza sebäp boldy.

«Türkmenistan Sport».