"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Arkadag şäheri

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 «Türk­me­nis­ta­nyň do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­nyň me­se­le­le­ri­ni çöz­me­giň ter­ti­bi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň «Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ne şä­her de­re­je­si­ni ber­mek we oňa at dak­mak ha­kyn­da» ka­ra­ry ka­bul edil­di. Şol ka­ra­ra la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ne «Arkadag» ady da­kyl­dy. Bu taryhy wakanyň yzysüre Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi.

Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ýylyň ýyl­dan par­hy kän. Gün­le­ri hem gün­ler­den ta­pa­wut­lan­dy­ryp bol­ýar. Ol he­mi­şe gö­rer gö­ze gör­nüp dur­ma­sa-da, adat­ça, ýy­lyň je­mi jem­le­nen pur­sa­dy mu­nuň şeý­le­di­gi­ne göz ýe­tir­mek bol­ýar. 2022-nji ýy­la ga­dam ba­san pur­sa­dy­myz eden ar­zuw­la­ry­my­zyň, ýag­şy di­leg­le­ri­mi­ziň asu­da we aba­dan ýur­du­myz­da ama­la aşan­dy­gy­na şa­ýat bo­lup ýö­ren­di­gi­miz üçin ýe­tip gel­ýän 2023-nji ýy­ly­ňam se­ne­na­ma­my­za al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak­dy­gy­na ynan­ýa­rys.

At-owazy – älemde, wepa-lebzi – dillerde

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Bi­ziň hal­ky­my­zyň dün­ýä ba­gyş eden en­çe­me beý­le­ki mil­li gym­mat­ly­gy ýa­ly ge­lip çy­ky­şy örän ga­dy­my bo­lan türk­men ala­ba­ýy­na hem uly üns beril­ýär. Ala­ba­ýyň il­ki bi­len irim­çik, gö­ze ge­lüw­li, na­zar­ker­de sy­pa­ty tu­ruw­baş­dan it sö­ýü­ji­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Boý­la­ry ýer­den ger­şi­ne çen­li 95 sm-e, ag­ra­my 100 kg-a ýet­ýär. Er­kek­le­ri 150 kg-a ýe­tip bil­ýär (as­ly­ny ala­baý­dan alyp gaýd­ýan meş­hur kan­gal kö­pek­le­ri­niň or­ta­ça bo­ýy 86 sm-den, ag­ra­my 66 kg-dan geç­me­ýär). Şu wag­ta çen­li ha­sa­ba al­nan iň uly ala­baý 178 kg agyr­lyk­da­dyr. Art aýak­la­ry­na ga­lan ala­baý­la­ryň bo­ýy 2 met­re ýe­tip bil­ýär.

Talyp türgenler sporty dabaralandyrýarlar

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz giň ge­rimli ösüş­le­ri bi­len dün­ýä meş­hur­dyr. Şol bir wagt­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň be­lent mak­sat­la­ry­nyň hem-de ösü­şiň bäh­bi­di­ne ýur­du­myz­da sport ul­ga­my döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş hem-de sport he­re­ke­ti Türk­me­nis­tan­da giň ge­ri­me eýe bol­dy.

Günüň gelşi säherinden belli

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Il ara­syn­da şeý­le bir jümle bar: «Gü­nüň gel­şi sä­he­rin­den bel­li, ýy­lyň gel­şi ähe­ňin­den». Her bir gü­nü­ni ba­ky bag­ty­ýar­ly­ga, tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­le­ýän türk­men hal­ky gar­şy al­ýan tä­ze ýy­ly­ny döw­re­bap at­lan­dy­ryp, tu­tuş ýy­ly uly ýe­ňiş­le­re, ro­waç­lyk­la­ra bes­le­me­gi dä­be öwür­di. In­di türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şy­na bagt bo­lup gir­ýän her bir ýy­lyň öz şy­ga­ry, at­lan­dy­ry­ly­şy bar. Şol şy­gar, at hem tu­tuş ýy­lyň yk­ba­ly­ny kes­git­le­ýär. Ýy­lyň-ýy­ly­na döw­re­bap at­lar bi­len gel­ýän, bi­ziň dur­mu­şy­my­za mä­käm or­naş­ýan ýyl­la­ryň uly äh­mi­ýe­ti, tä­si­ri bar. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­niň gül­läp ösü­şi­ne, mil­li däp-des­sur­la­ry­nyň, me­de­ni­ýe­ti­niň, sun­ga­ty­nyň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy­na ge­tir­ýän ýyl­lar döw­le­ti­mi­zi ýyl­sa­ýyn be­lent bas­gan­çak­la­ra gö­ter­ýär. Şol ýyl­lar ata Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na, türk­men hal­ky­nyň uly üs­tün­lik­le­ri­niň, ýe­ňiş­le­ri­niň dün­ýä ýü­zü­ne ýa­ýyl­ma­gy­na şa­ýat bol­ýar­l

Ylymly ýaşlar — geljege ganat

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Arkadagly Serdarymyzyň ta­gal­la­sy bi­len, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döw­re­bap ylym-bilim ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy esa­syn­da oňyn ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr», «Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir» diýen yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly ýurt baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze ta­ry­hy za­ma­na­da ýaş ne­sil­le­riň bag­ty­ýar hem-de aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Milli oýunlar — terbiýe mekdebi

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry, ir­gin­siz ala­da­sy ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz­da spor­ty, be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek bi­len bag­ly al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler üs­tün­lik­li ýol­la­ra ro­wa­na bol­ýar. Ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, zy­ýan­ly en­dik­le­re gar­şy gö­reş­mek, ýurt­da spor­ty kä­mil de­re­jä çy­kar­mak, ösüp gel­ýän nes­liň spor­ta bo­lan söý­gü­si­ni art­dyr­mak hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Okuw maslahaty geçirildi

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky «Da­ýanç» sa­gal­dyş mer­ke­zin­de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň tut­ýan or­ny» at­ly okuw mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty top­lu­my­nyň, me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de aw­tou­lag­lar we ýol ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Ge­ňeş­le­ri­niň hü­när­men­le­ri bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan okuw mas­la­hat­la­ry gu­ra­maçylyk­ly geçiril­di.

«Dakar» – türgenleriň ussatlyk mekdebi

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Bi­ziň kö­pi­miz­de sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­sy bar. Şä­her­de we ýurt için­de ar­ka­ýyn ulag do­lan­dyr­ýa­rys. Ýö­ne ara­myz­da ulag do­lan­dyr­ma­gy has kä­mil de­re­je­de ba­şar­ýan­lar bar. Olar öz­le­ri­niň şol ba­şar­ny­gy bi­len hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ýur­du­my­zyň adyn­dan we­kil­çi­lik edip, döw­le­ti­mi­ziň sport ab­ra­ýy­ny go­ra­ýar­lar.

Tans sporty we sag­ly­k

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Bi­ziň hem­mä­miz dur­muş­da sag­dyn we özü­mi­zi güýç­li hem-de bagt­ly duý­ma­gyň ýol­la­ry­ny göz­le­ýä­ris. Şeý­le ýol­la­ryň bi­ri-de tans et­mek­dir. Tans sun­ga­ty her bir hal­kyň me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Tans sö­zi fran­suz di­lin­dä­ki «dan­se» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «sa­za gö­rä saz­la­şyk­ly he­re­ket et­mek» diý­mek­dir. Ýa­po­ni­ýa­ly alym­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, tans di­ňe bir fi­zi­ki taý­dan däl, psi­ho­lo­gi­ki taý­dan hem sag­ly­gy­my­zy sak­la­ma­ga kö­mek ed­ýän peý­da­ly maşk­dyr. Hü­när­men­ler se­kiz ýyl bä­ri ýo­ga, py­ýa­da ýö­re­mek, gim­nas­ti­ka we sport bi­len meş­gul­lan­ýan 1000 ze­nan­lar­da bar­lag ge­çir­di­ler. Tans eden­le­riň 73 göteriminiň beý­le­ki sport gör­nüş­le­ri­ni saý­lan gat­na­şy­jy­la­ra ga­ran­da ýo­ka­ry sag­lyk gör­ke­zi­ji­le­ri­ne eýe bo­lan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Tans et­me­giň esa­sy ar­tyk­maç­ly­gy-da ony is­len­dik ýaş­da­ky adam ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler. Tans saý­la­nyp al­nan­da fi­zi­ki iş­jeň­lik hem na­zar­da tu­tul­ma­ly, or­ta­ça bir adam tans eden­

Sebitleriň abraýly sport ýaryşlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ys­lam Raý­daş­ly­gy

Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Türk­men top­ra­gy dün­ýä nus­ga bo­lan alym­la­ryň, ýa­zy­jy­la­ryň, be­ýik-be­ýik da­na­la­ryň ke­ma­la ge­len mu­kad­des top­ra­gy­dyr. Hal­kyň bag­ty­nyň er­kin­li­gi­ne we bu mi­ze­mez ha­ky­ka­ta aý­dyň­ly­gy bi­len dü­şü­nen, nus­ga­wy türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri­niň bi­ri Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ma­ny­ly öm­rü­ni boý­dan-ba­şa türk­men hal­ky­nyň ag­zy­bir­li­gi we er­kin­li­gi ug­run­da­ky gö­re­şe ba­gyş­lap­dyr. Akyl­dar şa­hyr özü­niň jöw­her yh­la­syn­dan, ýi­ti şa­hy­ra­na ze­hi­nin­den dö­rän, çuň ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lan dö­re­di­ji­li­gin­de har­by-gah­ry­man­çy­lyk, wa­tan­çy­lyk me­se­le­si­ni, hal­kyň dur­muş ýag­da­ýy­ny has giň şöh­le­len­dir­ýär. Ol öz yk­ba­ly­ny ba­gyş eden keş­bin­de be­lent de­re­je­le­re ýe­tip, öz döw­rü­niň us­sat şa­hy­ry hök­mün­de hal­kyň söý­gü­si­ni ga­zan­dy. At-owa­za­sy dün­ýä do­lan be­ýik şah­sy­ýet bo­lup ke­ma­la gel­di. Bu onuň asyr­la­ryň için­den aşyp, şu gün­le­re ge­lip ýe­ten şy­gyr­la­ry dog­ru­syn­da hem şeý­le­dir.

Saglyk – ynsan başynyň täji

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ata-ba­ba­la­ry­myz ça­ga ter­bi­ýe­si­ne he­mi­şe uly üns be­ripdir. Olar ne­sil ter­bi­ýe­sin­de pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan edep-terbiýäni ýer­lik­li peý­da­lan­ma­gy ba­şa­ryp­dyr­lar. Pederlerimiz ýaş­larda her bir işe jo­gap­kär­li çe­me­leş­mek duý­gu­la­ry­ny oýa­ryp­dyrlar. Ýaş­lar üçin ýör­gün­li bo­lan ýe­di ha­zy­nanyň hökman olarda bolmagyny isläpdir. Ine, ol ýedi hazyna — sag­lyk, akyl, na­mys, ni­ka, sa­ga­dat­ly per­zent, gul­luk, din-iman. Ýe­di ha­zy­na uly baý­lyk hök­mün­de ga­ran pe­der­le­ri­miz ça­ga­la­ry­na öwüt-ün­dew eden­le­rin­de: «Şu baý­lyk­la­ryň her bi­ri­ni özü­ňiz­de jem­läp, ola­ra jo­gap­kär­li çe­me­le­şip, dur­mu­şy­ňy­zyň be­ze­gi­ne öw­rüp bil­se­ňiz, bagt-be­re­ket, ab­raý- hor­mat si­zi he­mi­şe öz sa­ýa­syn­da sak­lar!» di­ýip­dir­ler. Bi­zem ýe­di ha­zy­na­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan baý­lyk ba­ra­da gür­rüň ber­me­gi ma­kul bil­dik.

Bedenterbiýe — beden saglygy

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Be­den­ter­bi­ýe bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak be­de­ni­ňi ter­bi­ýe­le­mek­dir. Be­den sag­dyn­ly­gy di­ňe bir adam üçin däl, eý­sem tu­tuş jem­gy­ýet üçin uly gym­mat­ly baý­lyk bo­lup dur­ýar. Çün­ki ol sag­dyn­ly­gyň we güýç-kuw­wa­tyň, zäh­met hem-de dö­re­di­ji­lik­li iş­jeň­li­gi­niň, umu­man, aba­dan dur­mu­şyň göz­ba­şy­dyr. Mu­ny en­di­gi­ne öw­ren yn­san­lar he­mi­şe sag­dyn­dyr we göw­na­çyk­dyr. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, ýyl­sa­ýyn bu he­re­ke­te türk­me­nis­tan­ly­la­ryň bar­ha köp san­ly­sy go­şul­ýar. Hu­su­san-da, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­la­ryň sport bi­len meş­gul­lan­ýan tür­gen­le­ri­niň sa­ny bar­ha art­ýar. Mu­nuň özi sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň pug­ta­lan­ma­gy­na, adam­la­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni art­dyr­mak­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­

Sport žurnalistlerine

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Gö­zege­lüw­li­lik

Aziýanyň iri ýaryşlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 «Da­kar» ral­li

Sport – bagtly geljegiň güwäsi

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Bi­ze mek­dep­de ýur­du­myz­da sport­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, tä­ze­lik­ler ba­ra­da düz­me ýaz­mak tab­şy­ryl­dy. Me­niň pa­ýy­ma Gah­ry­man Arkadagymy­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry bi­len paý­tag­ty­myz­da gur­lan «Olim­pi­ýa» şä­her­ji­gi ba­ra­da ýaz­mak dü­şüp­di.

Täze ýyly sport bilen garşylaň!

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Tä­ze ýyl ― tä­ze baş­lan­gyç. Tä­ze ýy­lyň dynç alyş möw­sü­mi şat­lyk-şow­hun bilen maş­ga­laň, dost­la­ryň arasynda wagtyňy hoş ge­çir­mek üçin iň oňat müm­kin­çi­likdir.

Olimpiýa oýunlarynyň taryhy

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Il­kin­ji olim­pi­ýa oýun­la­ry ga­dy­my Gre­si­ýa­nyň çä­gin­de to­mus pas­lyn­da ge­çi­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Şol dö­wür­de bu oýun­la­ryň yl­ga­mak, uzak­ly­ga bök­mek, gö­reş, da­şy uzak­ly­ga zyň­mak, boks, ata tir­ke­len iki ti­gir­li ara­ba­la­ry sür­mek ýa­ly gör­nüş­le­ri bo­lup­dyr.

Asyrlara şan bedewim!

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ýur­du­myz­da aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ze döw­let de­re­je­sin­de be­lent sar­pa go­ýlup, ola­ryň baş sa­ny­ny kö­pelt­mek, to­hum­çy­lyk-seç­gi iş­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, at­ly spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.