"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Dil gülzarlygynyň şeýdasy

Uly halypa bilen tanyşlyk Haýdar mugallym bilen ilki tanyşlygymy hemişe ýylgyryp ýatlaýaryn. Ýaňy bir Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa giräýen wagtlarymdy. Öň onuň bilen gaýybana tanyşlygym bolsa-da («Ogullaryma pent» atly makalalar toplumyny «Nesil» gazetinde birini sypdyrman okap çykypdym), ussady ne ýakyndan, ne telewizorda görüpdim. Şonuň üçinem okuwa başlaýan wagtlarymyz mugallymlarymyzyň ikisi bilen baglanyşyklylykda: «Uly Haýdar», «Kiçi Haýdar» diýilmegi ünsümi özüne çekipdi. Ýöne şonda-da gürrüňiň Haýdar Muhyýew baradadygyny kelläme-de getirmändim. Hünärimiz žurnalistika bolansoň, Haýdarlaryň ulusy-da, kiçisi-de bize entek sapak berenokdy. Ýöne fakultetimiziň dilçidir edebiýatçy toparlaryny welin ol mugallymlaryň ikisi-de okadyp ýördi. Şonuň üçinem gürrüňden gürrüň çykdy-da, olaryň ikisini-de entek tanamaýandygym barada dilçi ýyldaşlarymyzyň biriniň ýanynda gürrüň etdim. Olam edil şol pursat: «Hana, kiçi Haýdar-a gelýär» diýip, öňümizden gelýäne ümledi. Ol gelýän şol wagtlar ýaňy bir uniwersitetde mugallym bolup işe galan, ýaş mugallym Haýdarguly Muhammetgulyýew ekeni. Onuň bilen durmuşyň soňraky ýollarynda, dürli öwrümlerde kän gabatlaşmak, işleşmek miýesser etdi. Şol gezek welin gapdalymyzdan salamlaşyp ge

Asmany sungatyň ägirdi

Türkmen halkynyň saza garaýşy, ony mukaddesleşdirişi aňyrdan, onuň pikiriçe, saz zeminde dörän däl-de, asmany bir zat.

Şypa

— Habarlaşyň-a! Näme, at tutýan adam ýokmy bu öýde? Çasly çykan sese gapydan boýnuny bir uzadyp, soň göwresini ýene içerik çeken oglanjyk tüwdürilip barşyna jaýyň içki işigini açdy:

Ynam we ömür

Bir patyşanyň işine ezber, ylymly we ynamdar tebibi bar eken. Ýyllaryň geçmegi bilen olaryň arasyndaky ynam berkäp, arasyndan gyl geçmez diýilýän dostlara öwrülipdirler. Günleriň birinde patyşa ýarawsyzlyk tapynyp, ýagdaýy ýaramazlaşypdyr. Keseliň örç alýan günleri patyşa bir hat gelip gowuşýar. Onda şeýle diýilýän eken: «Size ýanyňyzdaky tebipden häzir bolmagyňyz gerek. Çünki ol janyňyza kast etmek isleýär».

Gysga hekaýalar

DEŇIZ ÝYLDYZY Jek Kenfild, amerikan ýazyjysy.

Sport – ýaşaýşyň bir bölegi

– Çary aga, siz ozal ýazyjy, žurnalist hökmünde tanalýardyňyz. Dört sany hekaýalar ýygyndyňyzy çykarmaga-da ýetişdiňiz. Häzir, esasan, terjimä agram berdiňiz. «Don Kihot», «Emir Teýmir», «Dünýäniň köpdürlüligi barada kitap», «Amadeý», «Gaýyp» ýaly göwrümli eserleri türkmen diline geçirdiňiz. Birden döredijiligiňiziň ugruny üýtgetmegiňiziň sebäbi nämede? – Terjime bilen ozalam meşgullanýardym. Bu ugur meniň üçin täzelik däl. Ýöne Serwantesiň «Don Kihot» kimin uly eserlere ozal ýanaşyp görmändim. Terjimä başym bilen berilmegime «Dünýä edebiýatyna» işe gelmegim sebäp bolan bolsa gerek. Edil beýlede däl. Arasynda hekaýalaram ýazyldy. Ýöne uly göwrümli eserleri türkmen diline geçirýän mahalyň öz döredijiligiňe kän eliň ýetmeýär. Şonda-da ençeme makala ýazdym.

Gündelikdäki ýazgylardan

Ýazyjy-şahyrlaryň dilinden ýazylyp alnan, şeýle-de käbir galamdaşlarymyň ýatda galan sözleri. Bir gezek iş otagynda otyrkak, okyjylaryň biri gapydan girdi-de, Myratgeldi Berdiýewe ýüzlendi:

Tymsallar

ÝÜWRÜK PÄLWAN Ir zamanda il içinde «Ýüwrük pälwan» adyny alan, uzak ýaşan bir adamy welaýatyň häkimi çagyryp:

Bir aýdymdan täsirlenip...

Eger uçmah ýerde bolsa, Üstünde sen, Türkmenistan!

Çäge we daş

Uzak ýola çykan iki dostuň arasyna bir gün tow düşüpdir. Olaryň biri beýlekisiniň dulugyna şarpyk çalypdyr. «Taýak iýen» dostuna garşylyk görkezmändir. Ýöne ol çägäniň ýüzüne «Şu gün iň gowy görýän dostum maňa şarpyk çaldy» diýip ýazypdyr. Olar birek-birekden kine edip, gürleşmän ýollaryny dowam edipdirler. Esli menzil geçensoňlar öňlerinden derýa çykypdyr. Suwa düşmek üçin derýa giren dostlaryň hälki «taýak iýeni» tasdan gark bolýan eken. Şarpyk çalan dosty ony halas edipdir. Halas bolan adam daşyň ýüzüne «Şu gün iň gowy görýän dostum meni gark bolmakdan halas etdi» diýip ýazypdyr.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň esasydyr

Bitarap döwletimiziň oňyn, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Türkmenistan – halkara sport hereketiniň ýokary ynsanperwerlik taglymatlaryna ygrarly bolmak bilen, dünýä, yklym we sebit derejesinde iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Türkmenistan döwletimizde olimpiýa hereketini, ýokary derejedäki milli sporty ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar.

Emin bolmak aňsat däl

Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýän döwürde guramaçylar bilen häli-şindi iş salşyp duruldy. Dünýä çempionatynyň resmi saýtyna jogapkärler bilen bolsa Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedow işleşdi. Soň-soňlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty üçin agyr atletika bilen bagly habardyr maglumata zerurlyk dörese, Çarygeldi Mämmedowa ýüz tutýardyk. Günüň islendik wagtynda habarlaşsaňam, onuň äheňinden seniň jaň ederiňe garaşyp oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Türkmenistanly Olimpiýaçylaryň Tokio ugramaly wagty golaýlanda türgenler we tälimçiler bilen birlikde eminiň hem gatnaşýandygy baradaky habary eşidip, bir begendik. Tokio Olimpiadasynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etjek şol eminiň köne tanşymyz Çarygeldi Mämmedowdygyny bilip, iki begendik. Tomusky Olimpiadalaryň taryhynda ilkinji gezek agyr atletika ýaryşlaryna türkmen hünärmeniniň eminlik edendigi bolsa ýene-de bir gezek begenmegimize we oňa guwanmagymyza sebäp boldy.

Ýa balam sen, ýa balamy görüp sen...

Ýazyjy Kömek Kulyýewiň «Ömür kerweni» powesti şeýleräk jümle bilen jemlenýär: «Iki atdaş ara bir ömri goýup, wagtlaýynça hoşlaşdylar». Ajaýyp gerek?! Ýöne men bu gezek şu jümläni biraz üýtgedip ulanmaly boldum. «Bir ömre ýerleşen iki şahsyýet ara bir müçäni salyp, ýene duşuşdy». Hawa, bir ömürde iki şahsyýeti ýerleşdirip bolýan ekeni. Nädip diýýäňizmi? Geliň, yzarlap göreliň!

Gymmaty gaçýan gollar

2021-nji ýylyň iýun aýyndan UEFA-nyň baýdagy astyndaky ýaryşlarda myhmançylykdaky gollar gymmatyny ýitirdi.

Tutanýerli talyp

Türkmenistanyň gandbol we futzal boýunça milli ýygyndysynda çykyş etmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde mugallym bolup işlemek hemme kişä miýesser edýän bagt däl. Şu ýazgylary kagyza geçirmegime bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda mugallym bolup işlän döwrümdäki wakalar sebäp boldy. Geljekki tälimçileri we sport ulgamyna zerur hünärmenleri taýýarlaýan institutyň ýokary derejeli sport atly topary bolup, ol ýerde kileň halkara ýaryşlarynda netijeli çykyş edip ýören türgenler bilim alýarlar. Olaryň arasynda soňlugy bilen agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan Ýulduz Jumabaýewa, Tokio Olimpiadasynda kümüş medal gazanan Polina Gurýewa hem bardy. Talyp türgenleriň erjelligi, tutanýerliligi özüne çekýärdi. Olaryň zähmetsöýerliginiň belent derejelere ýetirýändigine hemmämiz şaýat bolup ýörüs. Meniň okadan talyplarymyň arasynda Ýulduz Jumabaýewa bilen Polina Gurýewanyň has tapawutlanandyklaryny ýatlap, professional sportuň nämedigini bilýän türgen hökmünde olara diýseň buýsanýaryn.

Beýik ynam

Türkmen sportunyň olimpiýa üstünliklerini nazarlaýan ynamly geljegi bar Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sport babatda oýlanyşykly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap milli sport düzümleri döredildi. Ata Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeler sportuň ösdürilmegi ugrunda uzakmöhletli umumymilli maksatnamalaryň berk binýady tutuldy.