"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Futbol baýramy

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 «Sa­lam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty Baş mü­dir­li­gi hem-de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ran fut­bol baý­ram­çy­ly­gy ta­mam­lan­dy.

Ýaşlar sporty hemra edinýärler

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Bä­her­den et­ra­by­na gi­re­niň­de, na­za­ryň et­ra­byň iler­sin­de se­leň­läp gö­rün­ýän sport mek­de­bin­de eg­len­ýär. El­bet­de, şu­nuň ýa­ly aja­ýyp sport mek­dep­le­ri we des­ga­lar ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de bir­nä­çe­si gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di.

Gadymy oýunlar – müdimi oýunlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Türkmen halky milli ruhy gymmatlyklaryny asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp, has-da kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdir. Uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan milli oýunlar hem baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Olar häzirki döwürde hem toý-baýramlarymyzyň bezegi bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üns-aladasy netijesinde has-da baýlaşdyrylyp, täze röwüşde ösdürilýär.

Hepdäniň sişenbe güni utulmaýan topar

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 «Barselona» diýilse, asla üstün çykmak kyn topar göz öňüne gelýär. Emma uzakly ýylyň dowamynda şowly oýunlaram, şowsuz oýunlaram bolman durmaýar. Kataloniýalylaryň ýeňilýän wagtlaram seýrek däl. Bilermenler olaryň hepdäniň belli bir güni has netijeli oýnaýandyklaryny hasaba alypdyrlar.

Hepdäniň her güni gol geçiren futbolçy

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Angliýanyň «Premier Ligasynda» 37-nji tapgyrda hepdäniň sişenbe güni «Çelsi» öz meýdançasynda «Lester Sitini» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda «Lester Sitiniň» ýeke-täk goluny geçiren nigeriýaly hüjümçi Keleçi Iheanaço taryhy netije görkezdi. Ol Premier Ligada bir möwsümiň dowamynda hepdäniň 7 gününde-de gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Ol geçen möwsümde 12 gol geçirdi. Şol gollaryň 5-sini ýekşenbe günki oýunlarda, 2-sini çarşenbe günleri derwezä girizdi. Galan 5 goly-da hepdäniň galan 5 gününde derwezä girizip, täsin statistikany ýüze çykardy.

Amangeldi pälwan

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Her bir işde yhlas, tutanýerlilik hem-de ýanbermez hyjuw gerek. Bu sportda-da şeýle. Ine, sport äleminde uly ussatlyga ýeten, esasan-da, türkmen milli göreşinde öz ukyp-başarnygyny, zehinini açyp görkezen Amangeldi Şahanow hem şeýle ezber, tutanýerli pälwanlaryň biri bolupdyr.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti bilen türgenleri taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlygy güýçlendirer.

Woleýbol we saglyk

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak bedenimize özüniň oňyn täsirini ýetirip, çalasynlyk, çeýelik, tizlik, çydamlylyk ýaly endikleri kemala getirýär. Sport bilen meşgullanýan adam beýlekilere garanyňda ruhubelent, şähdaçyk bolýar. Her bir sport görnüşi bedenimizde oňyn endikleri kemala getirýär, bu sportuň woleýbol görnüşine hem degişli bolup durýar.

Amatly ulag serişdesi

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Häzirki döwürde eziz Watanymyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan bu döwür ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň, özgerişleriniň dowamy bolup, täze-täze üstünlikleriň, halkara başlangyçlaryň sanyny has-da artdyrýar.

Türkmenistan – sport ýurdy

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Bu ajaýyp durmuş hakykaty ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan taryhy özgertmeleriň, üstünlikli durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň netijesinde hasyl boldy.

Sport we kepderiler

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň nyşany bolan ak kepderiler bu gün durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda gök asmanymyzy bezäp uçýan ak kepderiler biziň bagtyýarlygymyzyň, agzybirligimiziň alamaty hökmünde her birimiziň ýüreklerimizde çäksiz guwanjy, söýgini oýarýar. Bu guşlar sport dünýäsinde hem özüniň mynasyp ornuny tapýar. Aslynda, sport – parahatçylygyň ilçisi, kepderiler bolsa onuň nyşanydyr. Ak zady ýagşylyga ýorup alnyna sylýan türkmen halky uly bir işiň başyny başlanda, baýramçylyklarda, açylyş dabaralarynda parahatçylygyň, erkanalygyň nyşany bolan kepderileri al-asmana goýberip, ýollarymyzyň ýagty, işlerimiziň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Sagdynlyk ählumumy gymmatlykdyr

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak barada alnyp barylýan işler netijesini berýär.

Pälwanlar maşgalasy

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolanyndan soň, milli däp-dessurlarymyzyň täzeden dikeldilmegine, milli sportumyzyň dabaralanmagyna uly üns berilýär. Diýarymyzda beýleki sport görnüşleri bilen bir hatarda türkmen milli göreşi hem dünýä ykrarnamasyna eýe boldy. Göreş ynsanyň saglygyny berkidýär, eserdeňligi we maksada okgunlylygy ösdürýär. Sportuň bu görnüşi barada türkmen halk şadessanlarynda, şol sanda «Görogluda» we «Gorkut atada» giň maglumatlar berilýär. Biziň gürrüň berjek pälwanymyz hem ýaşlykdan milli göreşi hemra edinipdir. Ýöne ol ykdysadyýet boýunça hünärmen bolup işe başlapdyr.

Kouçing – dolandyryşa täzeçe çemeleşme

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Daşky gurşawyň ösüşinde çarkandakly ýollaryň ýüze çykmagy ýurtda sosial, ykdysady we syýasy çökgünlik bilen bilelikde bazaryň bäsdeşikli şertlerinde öňdebaryjy orunlary eýelemäge çalyşýan hojalyk işiniň subýektlerini öz işewürligini ösdürmek, hususan-da, dolandyryş we işleri höweslendiriş ulgamlaryny ösdürmek üçin täze çemeleşmeleri gözlemäge mejbur edýär.  «Coaching» adalgasy sportdan gelen sözdür we iňlis dilinden «tälimçilik» diýlip terjime edilýär.

Italýan futbolynyň suratkeşi

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Gürrüň surat hakda gidende «göreç» atly galamymyz reňkler bilen başagaý bolup oturandyr, görseňiz. Ýaşaýyş görüp, soňam duýup başlanymyzda has gözeldir diýýäris. Adam surat çekende elini däl, aňyny işledýär. Bu bolsa meşhur italýan suratkeşi Mikelanželonyň aýdanlaryndan. Öňüňde ak kagyz. Reňkler. Özleri känem bolsa gyzgyn we sowuk diýen iki topara-da bölýärler olary. Ýuwaşjadan bolsa-da, ümsüm otagyň içini täsin sesi bilen doldurýan galamyň sesini eşidipmidiňiz?! Gözüň almasynda uly bir dünýä jemlenýändir. Hawa, siz çotgany suwa, soňam reňke batyryp, kagyzyň ýüzüne, iň bolmanda, bir gezek degrip görensiňiz. Şeýle dälmi? Çünki eller çyzmagyň küýünde, nämedir bir zatlary çekmegiň höwesinde. Ýöne aýagy bilen tutuş Italiýanyň suratyny çekenem bar. Kim ol? Mikelanželomy? Ýok! Rafaelmi? O-da däl! Oňa Roberto Bajio diýýärler.

Işleýän demir poslamaýar

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 «Biz garranymyzdan soň maşk etmeýäris, maşk etmänligimiz üçin hem garraýarys». Sportuň adam saglygyndaky ähmiýetini nygtaýan Dr.Kennet Kuperiň diýen bu sözlerini hemişe ýada salmalydyrys. Sport pudagynyň möhüm şahsyýetlerinden  biri bolan  Fil Naýt: «Bedeniňiz bar bolsa siz sportçy» diýýär.

Atşynaslyk sungaty dabaralanýar

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer ugruny kämilleşdirmek boýunça üstünlikli işler alnyp barylýar. Bu babatda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn buýsandyryjydyr.

Redýard KIPLING

ÝÜZ MÜŇ NÄME ÜÇIN Meniň alty kömekçimHem çakgan, hem çalasyn.Maňa habar berýärlerGelse bir zat bilesim.

Başlangyç fotograflar nämede säwlik goýberýärler

Toparlaýyn suratlar. Diňe bir adamyň suratyny alanyňda ilkinji kadrlaryň şowly bolup duranok. Eger-de birbada 20 adamyň suratyny almaly bolsaň weli, munuň has-da kyn işdigi düşnüklidir. Surat arkaly wakanyň möçberini görkezmek kyn bolan halatynda ony söz bilen beýan etmek maslahat berilýär.  Lenç edilen suratlar. Adata öwrülip giden eli diplomly, boýny medally suratlar biri-birini gaýtalaýar. Siziň fotoapparatyňyzyň obýektiwinden gözüni aýyrman seredip duran «gahrymanyň» ýüzünden onuň başdan geçirýän ahwalyny okamak mümkin däldir. Olaryň begenç gözýaşlaryny dökýän, ene-atanyň öz perzendine guwanýan pursatlaryny surata alyp bilseňiz, diňe şonda azabyňyz ýerine düşer.

Fotožurnalistlere maslahatlar

Milli Liderimiziň başda durmagynda  Türkmenistan Watanymyzda habar beriş serişdeleriniň  işini kämilleşdirmekde köpsanly işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda fotožurnalistikany ösdürmek boýunça hem ähli mümkinçilikler döredilýär. NÄMÄNI WE NÄDIP SURATA DÜŞÜRMELI?