«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022
«Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň nyşany bolan ak kepderiler bu gün durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda gök asmanymyzy bezäp uçýan ak kepderiler biziň bagtyýarlygymyzyň, agzybirligimiziň alamaty hökmünde her birimiziň ýüreklerimizde çäksiz guwanjy, söýgini oýarýar. Bu guşlar sport dünýäsinde hem özüniň mynasyp ornuny tapýar. Aslynda, sport – parahatçylygyň ilçisi, kepderiler bolsa onuň nyşanydyr. Ak zady ýagşylyga ýorup alnyna sylýan türkmen halky uly bir işiň başyny başlanda, baýramçylyklarda, açylyş dabaralarynda parahatçylygyň, erkanalygyň nyşany bolan kepderileri al-asmana goýberip, ýollarymyzyň ýagty, işlerimiziň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.