«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak bedenimize özüniň oňyn täsirini ýetirip, çalasynlyk, çeýelik, tizlik, çydamlylyk ýaly endikleri kemala getirýär. Sport bilen meşgullanýan adam beýlekilere garanyňda ruhubelent, şähdaçyk bolýar. Her bir sport görnüşi bedenimizde oňyn endikleri kemala getirýär, bu sportuň woleýbol görnüşine hem degişli bolup durýar.