Arkadag şäheri

4 Ýanwar 2023
683

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022

«Türk­me­nis­ta­nyň do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­nyň me­se­le­le­ri­ni çöz­me­giň ter­ti­bi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň «Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ne şä­her de­re­je­si­ni ber­mek we oňa at dak­mak ha­kyn­da» ka­ra­ry ka­bul edil­di. Şol ka­ra­ra la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ne «Arkadag» ady da­kyl­dy. Bu taryhy wakanyň yzysüre Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi.

Aşyr­mu­ham­met SA­RY­ÝEW
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly