«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, irginsiz aladasy netijesinde ata Watanymyzda sporty, bedenterbiýäni ösdürmek bilen bagly alnyp barylýan işler üstünlikli ýollara rowana bolýar. Ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ýurtda sporty kämil derejä çykarmak, ösüp gelýän nesliň sporta bolan söýgüsini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.