Sport žurnalistikasy sapagy dowam edýärdi. Göni ýaýlymda reportaž alyp barmak hakynda gürrüň edýärdik. Gürrüňimizem «Formula-1» awtoýaryşlaryna syrykdy. Bu ýaryşyň diňe bir sürüji-türgenleriň arasynda gitmän, eýsem-de bolsa, dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniň ýaryşydygy, oňa iň uly at güýjüne eýe bolan ulaglaryň gatnaşýandygyny talyplara gürrüň berýärdim. Gürrüňimiz şu ýere ýetende talyplaryň biri: «Näme üçin hereketlendirijileriň kuwwatlylygy «at güýjünde» ölçenilýär, aslynda, bu adalga nähili ýüze çykypdyr?» diýip sorady. Bu sowala men birbada jogap berip bilmedim, çünki men bu hakynda ozal pikir etmändim, hiç zat bilemokdym, şonuň üçin hem men talyplara bu sowalyň jogabyny indiki sapaga çenli tapmagy wada etdim.
Adatça, talyplar soranjaň bolýar, olar eşiden zadyny sorajak, biljek, anygyna ýetjek. Mugallymyň wezipesi hem olaryň bilesigelijiligini kanagatlandyrmak. Şonuň üçinem men mümkin bolan ähli maglumat çeşmelerini agtaryp, sowalyň jogabyny gözledim. Ahyrsoňy hem bu barada birnäçe gyzykly maglumatlary tapdym. Belki, bu maglumatlar diňe bir talyplara däl, eýsem-de okyjylara hem gyzykly bolar. Sebäbi bu adalganyň nähili ýüze çykandygyny köpler bilýän däl bolsa gerek.