Bas­gan­çak­lar­da ýö­re­me­giň sag­lyk üçin äh­mi­ýe­ti

30 Mart 2023
675

Eda­ra­lar­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da ýo­kar­ky gat­la­ra çyk­mak üçin lif­tiň gi­rel­ge­le­ri­niň ag­zyn­da hü­mer­le­ni­şip du­ran adam­la­ra hä­li-şin­di ga­bat gel­ýän­di­ris. Bi­ziň ins­ti­tu­ty­myz­da hem lif­tiň kö­me­gin­den as­la peý­da­lan­ma­ýan mu­gal­lym­lar ga­ty kän. Paý­tagty­ymy­zyň bi­na­gär­lik keş­bi­ne öz­bo­luş­ly gel­şik ber­ýän 12 gat­dan yba­rat okuw bi­na­myz­da lift el­my­da­ma zo­wal­syz iş­le­ýär. Mu­gal­lym­dyr ta­lyp­la­ryň ýo­kar­ky gat­la­ra, esa­san, bas­gan­çak­lar­dan mün­ýän­dik­le­ri, el­bet­de, be­den ter­bi­ýe­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Dog­ru­da­nam, bas­gan­çak­lar bi­len ýo­ka­ry gal­nan­da ýa-da aşak dü­şü­len­de be­de­ne düş­ýän ýük­len­me­le­riň ne­ti­je­li­li­gi ha­ky­ky sport maşk­la­ry­nyň­ky­dan pes däl­dir, onuň üs­te­si­ne hem he­re­ke­ti çalt­lan­dyr­mak ýa-da ha­ýal­lat­mak ar­ka­ly ol ýük­len­me­le­ri özü­ňe göw­ne­jaý de­re­je­de saz­la­mak müm­kin. Şeý­le­lik­de, biz bas­gan­çak­lar­da ýö­rä­ni­miz­de hem-ä öz bar­ma­ly ýe­ri­mi­ze bar­ýa­rys, he­mem sag­ly­gy­my­zy ber­kid­ýä­ris. Sag­lyk bol­sa bi­ziň her bi­ri­miz üçin iň gym­mat­ly baý­lyk­dyr.

Be­de­ni ter­bi­ýe­le­me­giň aň­sat usu­ly

Maý­sa ME­RE­DO­WA,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Pe­da­go­gi­ka we psi­ho­lo­gi­ýa ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my