Köpetdagyň gözel gerişlerinden çekilen bu täsin ýoda aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň işjeň dynç alýan söýgüli ýerine öwrüldi. Muňa paýtagtymyzyň günorta böleginde emele gelen hoştap howaly zolak hem gönüden-göni täsirini ýetirýär.
Açyk howada gezelenç etmek we Saglyk ýoluny geçmek dürli ýaşdaky adamlar üçin elýeter we peýdaly çäredir. Şeýle çäräniň adamyň çydamlylygyny artdyrýandygy, ruhubelentligi ýokarlandyrýandygy, keselleriň töwekgelçiligini azaldýandygy ylmy taýdan subut edilendir.