Futbol bilen metbugatyň arasynda aýrylmaz baglanyşyk bar. Andreý Şewçenko ýyldyzlyk münberinde jöwlan urýan döwürleri şeýle diýipdi: «Italiýada kimiň ýyldyz boljagyny žurnalistler kesgitleýär. Olaryň halan adamlaryny belent gaýa çykarmaklary, halamaýan adamlaryny bolsa gara ýere sokmaklary mümkin».
Bizde onçakly bir beýle hem däl. Biz hiç zady kesgitlemeýäris, has dogrusy, kesgitläp bilmeýäris. Bizdäki halat Italiýanyňkydan düýpli tapawutlanýar. Mentalitet nukdaýnazaryndan diýjekmi, täsir ediş çygry taýdanmy, garaz, biz bu gadymy ülkedäkilere bu mesele babatda diňe höwes etmegimiz mümkin. Gündogarlylygymyz bolsa diňe bahana!