Uzak ýaşamagyň syr­la­ry

30 Mart 2023
477

Ýa­po­ni­ýa hä­zir­ki wagt­da uzak ýaş­ly­la­ryň mes­ge­ni ha­sap­lan­ýar. Ol ila­ty­nyň sa­ny bo­ýun­ça, şeý­le-de or­ta­ça ýa­şyň beý­le­ki­le­re ga­ra­nyň­da uzak­ly­gy ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy ýurt­dur. Ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, bu ýer­de or­ta­ça ýaş 110 ýyl diý­lip hasap edil­ýär. Şol se­bäp­li dün­ýä­niň ga­lan bö­lek­le­ri üçin ýa­pon­la­ryň uzak ýa­şa­ma­ga we müm­kin bol­du­gy­ça ýe­ne art­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän ja­dy­ly sy­ry he­mi­şe gy­zyk­ly bo­lup gel­ýär. Şol syr­la­ryň bi­ri hem iki­gaý, ýag­ny ýa­pon di­lin­de bagt pel­se­pe­si­dir. Psi­ho­so­ma­to­log we new­rop­si­ho­log Ýe­ka­te­ri­na Tur iki­ga­ýyň esa­sy ýö­rel­ge­si­niň düýp ma­ny­sy­ny düşündirýär. Onda nerw ul­ga­my­na aşa ag­ram sal­man, uly mak­sat­la­ra ta­rap ýu­waş-ýu­waş­dan ki­çi­jik ädim­ler ar­ka­ly he­re­ket et­me­li­di­gi ba­ra­da aý­dyl­ýar. Se­bä­bi beý­ni glo­bal pro­ses­ler­den gork­ýar.

Eger do­wam­ly psi­hi­ki-emo­sio­nal dart­gyn­ly­lyk­dan ga­ça du­rul­sa, ömür has uzak bo­lar. Şun­da ýa­kym­ly, oňyn duý­gu­la­ra esa­sy orun de­giş­li­dir. So­si­al stig­ma­lar­dan, gap­ma-gar­şy­lyk­lar­dan, je­del­ler­den ga­ça dur­mak her bir yn­sa­nyň esa­sy dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne öw­rül­me­li­dir. El­bet­de, bu aň­sat iş däl, ýö­ne akyl sag­ly­gy he­mi­şe-de mö­hüm­dir.

Ars­lan MUHAMMETDURDYÝEW,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.