"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Watan gahrymanlary unudylmaýar

9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni Ahal welaýatynyň ähli ýerinde giňden bellenip geçildi. Şanly günde uruşda wepat bolan Watan gahrymanlary ýatlanyp, olaryň hormatyna dikeldilen ýadygärliklere gül çemenleri goýuldy, ruhlaryna tagzym edildi, aýdym-sazly dabaralardyr baýramçylyk duşuşyklary geçirildi. Şol gün welaýatdaky baýramçylyk çäreleri Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepdäki ýadygärlige gül çemenlerini goýmakdan başlandy. Köp sanly ildeşlerimiz bilim ojagynyň eýwanyny bezäp duran heýkele — Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň nurana ýadygärligine ter gül desselerini goýup, ruhuna tagzym etdiler. Söweş meýdanynda hakyky gahrymançylygyň, watançylygyň, borjuňa wepalylygyň, maksada okgunlylygyň belent nusgasyny görkezen watançy esger, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömür we durmuş ýoly her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir.

Tämizlik hemişe zerurdyr

Daş-töweregiň tämizligi, tertipliligi hem-de şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi sagdynlyk üçin örän ähmiýetlidir. Bu düzgünler islendik ýerde, öý ýa-da edara-kärhana bolsun, tapawudy ýok, hökman berjaý edilmelidir. Arassaçylygyň düzgünleri çagalara ene-ata hem-de çagalar bagynda zähmet çekýän terbiýeçidir enekeler tarapyndan kiçi ýaşdan öwredilip başlanýar. Munuň üçin olaryň özleriniň çagalara görelde görkezmegi hökmandyr. Çagalaryň sagdyn bolmagy üçin çagalar baglarynda arassaçylyk düzgünlerine gyşarnyksyz eýerilip, tämizleme işleriniň dogry alnyp barylmagy hökmandyr. Çagalar baglaryndaky tämizlik işleri, toparyň otagynyň ýelejiredilmegi körpeler entek gelmänkä doly edilip gutarylmalydyr. Gündelik tämizleme işleri alnyp barlanda, tozanlar aýrylyp, penjireler hem ýuwulmalydyr. Penjirelere dakylan perdeleriň arassalygyny gazanmaly. Çagalaryň ulanýan gap-gaçlarynyň, ýorgan-düşekleriniň daşlyklarynyň arassa bolmagy esasy talaplaryň biridir. Hammamdyr hajathananyň, topar otagyndaky girelgäniň hem-de olara degişli zatlaryň, şkaflaryň, süpürgiçleriň, tekjeleriň tämizligi zerurdyr.

Watançynyň wepaly ýary

Onuň gözlerindäki gussa gatylan buýsanç ýüregiňe agras oýlary peşgeş berýärdi. Bu enäniň ömri hut täsin ýordumly eser ýaly hem gyzyklydy, hem täsirlidi. Ogsoltan Ýagmyrowa ulugyzka kalbynda beslän arzuwlaryny çitýän halylaryna, çekýän keşdelerine siňdirip, gyz göwnüniň tesellisini egserdi. Ykbal hemrasy hökmünde saýlan ýigidi Ýagmyryň edenli, parasatly, sypaýy häsiýetleri oňa has-da ýaraýardy. Ogsoltanyň maýyl edip barýan gara gözlerini ýüregine, didesine siňňitli siňdiren ýigit, göwün matlabyny gyza aýtmakdan-a geçen, eýsem, ene-atasyna-da kän wagtlap ýaňzydyp bilmän gezdi. Ara bir näçe wagt düşensoň ol bu barada mährem käbesine çekinjeňlik bilen duýdurdy. Ozaldan hem: «Ýaşy ötüşip barýar welin, pylanynyň gapysyndan baraý» diýdigi, gapak ýaly ýeňil gopup, haýyr işe mübtela boljak ene, dessine Ogsoltanlaryň öýlerine sary ýelk ýasady. Gaýynenesi bilen maslahatlaşyp, «Ýagşy işe gar ýagmasyn» diýlenine eýerip, guda garyndaşlygyny açmak bilen boldy. Ýyllaryň hökmürowan howalasy bu iki ýüregiň arzyly arzuwlaryny wysala ýetirdi. Aslynda, Ogsoltan Ýagmyrowa-da, Ýagmyr Öwezow hem Gyzylarbat etrabynda doglan we önüp ösen ýaşlar. Olar maşgala guransoň hem, Ýagmyr 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gidende-de Gyzylarbatda ýaşaýardylar. Dört

Goşa mukaddesligiň şanyna tutulýan toý

Täze taryhy eýýamda bagtyýar halkymyzyň durmuşy toý-baýramlara, şanly senelere, üstünliklere we ösüşlere beslenýär. Agzybir halkymyzyň dabaraly belleýän baýramlarynyň biri-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günüdir. Ata watanymyzda her ýylyň 18-nji maýynda bu baýram şanly waka hökmünde bellenmek bilen, milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu şanly baýram barada şeýle belleýär: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir».

Şygryýet älemi

Magtymgula Dana şahyr, kalba joşgun, ylham ber,Sen hakda goşgular ýazarym ýaly.Gündiz Günüň, gije Aýyň nurundan,Her sözüň yşgyna ýanarym ýaly.

Mör-möjekleri özüne çekýän täsin ösümlik

Londan korollygynyň «Kýu» botanika bagynda täsin ösümlikleriň 70-den gowrak görnüşi tapyldy. Tapylan ösümlikleriň içinden mozambikli tebigatçy alym Bart Wursten ýapraklarynyň üstünde mör-möjekleri saklamaga ukyply adaty bir ösümligi tapdy. Bu ösümligiň daş keşbi ýyrtyjy ösümligi ýatladýar. Ösümligiň boýy 30 – 35 santimetr, ýapraklarynyň uzynlygy 3 – 5 santimetr, diametri 6 – 8 santimetr bolup, ýapraklarynyň üst ýüzi syh-syh bolup duran inçe sapajyklar bilen örtülen.

Berjaý edilmeli düzgünler

Häzirki wagtda tehniki tilsimatlaryň dürli görnüşleriniň döredilmegi netijesinde elektrik togy bilen işleýän dürli görnüşli tehnikalar öý hojalygynda giňden ulanylýar. Şolaryň içinde has köp ulanylýanlaryň biri-de otag sowadyjylarydyr. Otag sowadyjylarynyň köpçülikleýin ulanylyp başlanmagy bilen, olaryň ýangyn howpuny döredip biljek şertlerini öwrenmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Bu barlaglary geçirmegiň zerurlygy sowadyjylaryň gurluşynda ýanyjy materiallaryň ulanylmagy we olaryň ýokary elektrik energiýasyna bolan talabedijiligi bilen düşündirilýär. Otag sowadyjylarynyň agramynyň on iki göterimine çenli gurluşynda ýanyjy materiallaryň ulanylmagy ýangynyň döremegine sebäp bolýan şertleriň biridir.

Goşa baýrama bagyşlandy

Ýakynda Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň Lebap welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda kitaphananyň dälizinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli «Golumyzda Baş kanun, depämizde ýaşyl tug, röwşen geljege dowam, ýolumyza saçýar nur» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, kitaphana işgärleri, mugallymlar we talyplar goşa baýramyň waspyny ýetirip, guwandyryjy sözler bilen çykyş etdiler.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

14-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde guradylar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşik düzme we hekaýa ýazmak, surat çekmek ugurlaryny öz içine aldy. Oňa paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi öz işleri bilen gatnaşdylar. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň giň eýwanynda mekdep okuwçylarynyň bu bäsleşige hödürlän, ýagny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine bagyşlap çeken suratlary sergi görnüşinde ýaýbaňlandyryldy. Okuwçylaryň bu döredijilik işlerinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini aýdyň görmek boldy.

Baýramçylyk dabarasy

Belentde parlasyn ýaşyl Baýdagym! TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Belentde parlasyn ýaşyl Baýdagym!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresi

Ýaşlaryň röwşen geljegi Golaýda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň we Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda “Sanly ulgamyň ösüşli gadamlary — ýaşlaryň röwşen geljegi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleridir işjeň agzalary hem-de ýokarda ady agzalan mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Arkadag şäheri – baky bagtyň mekany

Aý-günleri ganatynda göterip barýan ýyllar, bir görseň-ä,  gök asmandan bütin barlygy synlap, özüne mähir beren ülkäniň mylaýym ýazlary bilen hoşlaşyp, gyrrywlaşyp uçup barýan durna hatarlaryny ýatladýar. Bir seretseňem, gyrkylyk yzly depeleri, alaň-alaň gumlary yzynda galdyryp, düňle çölüň ümsümligini bozup, uzaklary nazarlap barýan düýe kerwenini göz öňüne getirýär. Şolaryň haýsy biri bolanda hem, özboluşly ykbal, ýaşalan günler, ýerine ýetirilen we ýetirilmedik işler, sepgitler, arzuwlar, menziller ör-boýuna galyp durandyr. Asmanyň bezegi, zeminiň gözelligi bolan şol owadan guşlaryň, äwmezek düýeleriň täsin ykballarynyň bolşy ýaly, her güni, her sekundy millionlarça wakalardan, üstünliklerden we arzuwlardan, şowlulyklardan we durmuş aladalaryndan doly ýyllaryň hem öz ykballary, ýeten sepgitleri, bitiren işleri bar. Megerem muny hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly buýsanç bilen gadam basan täze zamanamyzyň - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalar bilen gurşalmagy hem aýdyň tekrarlaýan bolsa gerek... Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyn

Raýat jemgyýeti: hukuk we kanun

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hukuk-kanunçylyk ulgamy yzygiderli ösdürilýär we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugyň umumy kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär, Konstitusiýa we kanunlar arkaly kepillendirilýär. Adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we ählumumy howpsuzlygy berkitmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny kepillendirýän kadalaryň döwrüň talaplaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda kämilleşdirilmegi, halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygynyň gazanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligine gönüden-göni täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyzyň degişli kadalarynyň Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň we adamyň hukuklaryny goramaga gönükdirilen beýleki halkara hukuk namalarynyň kadalary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny aýratyn bellemelidiris.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI we bu institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy. Ylmy-amaly maslahatda akyldar Magtymgulynyň döredijiligi, pähim-paýhasa ýugrulan eserleriniň umumadamzat gymmatlyklarynda tutýan mynasyp orny, şahyryň beýik şahyrana şahsyýetdigi, onuň ylym-bilime bolan garaýyşlary barada çykyşlar diňlenildi. Mundan başga-da, häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň täzeçe öwüşginde ýaňlanyşy, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrülişi, döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygy we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigi ruhubelentlik bilen beýan edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şahyryň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň müdimi gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bular barada Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary Rahmetnur Aýmämmedowyň, kärdeşler arkalaşygynyň

Döwletliligiň goşa ganaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralara beslenip bellenip geçilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň bagtyýar geljeginiň aýdyň beýany bolup, kanunçylygyň esasy binýadyny emele getirýär. Esasy Kanunymyzda halkymyzyň jebislik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlary öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryna esaslanyp durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň özi adam mertebesiniň ýokarlanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, erkin we adalatly jemgyýetiň ösüşine gönükdirilendir.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

El işleriniň bäsleşigi geçirildi Golaýda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Aşgabat şäheriniň güni hem-de milli keşdeçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Keşdeli dünýämiz nagyşlaryň nagmasy» atly el işleriniň bäsleşigi we sergisi geçirildi. Ol Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guraldy.

ARKADAGLY ÝAŞ NESLIŇ BEDEW ATA SÖÝGÜSI — asylly ýörelgeleriň dowamaty, röwşen geljegiň myrady

Ýyndamlykda, çydamlylykda we owadanlykda görenleri haýrana goýýan ahalteke atlarymyza halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň söýgüsi örän uludyr. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp görmeginiň mysalynda nobatdaky gezek göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Hususan-da, ussat halypa atşynas hormatly Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi, höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalaryň arasynda seýis, çapyksuwar, atçylyk boýunça ylmy iş alyp barýan hünärmen, atçylyk lukmany bolmaga höwes edýänleriň bardygy aýratyn buýsançlydyr. Bedewlere çäksiz hormaty bolan türkmen halkynyň Milli Lideri atçylyga höwes edýän çagalaryň geljekde ussat atşynaslar bolup ýetişip, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artma

Bagtyýar çagalar — ýagty ertirleriň umydy

Dowamat-dowam bolmagyň ilkinji şerti geljegi gurmaga ukyply, pikirlenip, durmuşda öz ornuny tapyp bilýän ýaş nesilleri ýetişdirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurdumyzda döwlet ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, nesillerimiziň bagtyýar durmuşda sagdyn ýaşamagy, iň kämil bilimleri ele alyp, dünýä ýaşlary bilen aýakdaş gitmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri hem şu ugra gönükdirilendir. Bu haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilip, gazna tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Onuň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan pul serişdeleri yzygiderli gelip gowuşýar. Bu serişdeler howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda gaznanyň alyp barýan köpugurly işleriniň gerimi has-da giňelip, onuň maksady ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş ne

Ýaşlaryň röwşen geljegi ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da ösdürmek, ýaş nesliň bagtyýar geljegini üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler oňyn netije berýär. Bu ugurda güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, häzirkizaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklary we daşary ýurt dillerini kämil öwrenmekleri üçin döredilýän amatlylyklaryň hem çygry barha giňeldilýär. Muňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikdäki ylalaşygy esasynda ýurdumyzda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärlerine, meýletinçilere we mekdep okuwçylaryna iňlis dilini öwretmek boýunça ýörite maksatnamasynyň hereket etmegi hem aýdyň mysaldyr. Şu günler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde mekdep okuwçylarynyň iňlis dilini çuňňur öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen, tapgyrlaýyn tölegsiz iňlis dili sapaklary guralýar. Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň tejribeli iňlis dili mugallymlary ýaşlara bu ugurdan sapak berýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk, kämil bilim almaklary ugrunda edýän ýadawsyz aladalary olary daşary ýurt dillerini

Çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde çeper okaýyş bäsleşigini geçirdik. «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» diýen at bilen geçirilen bu bäsleşige Türkmenabat şäherindäki ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Talyplar berlen şertler boýunça dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar bossanyndan goşgulary labyzly okamak we saz bezegi bilen ýatdan aýtmak boýunça bäsleşdiler. Şeýle-de olar akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly sahna eserlerini ýerine ýetirdiler. Çykyşlara çeper okaýşyň we sahna ussatlygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişi boýunça baha berildi we ýeňijiler kesgitlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Maksat Myradow baş baýraga mynasyp boldy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Ata Gaýypow birinji, ýene-de şol mekdebiň talyby Gözel Eşgeldiýewa we Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gadam Eýeberdiýew ikinji baýrakly orny eýelediler. Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebinden Kemal Akmamedow we Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinden Laçyn Öwezmyradowa bäsleşigiň üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldular. Ýeňi