ARKADAGLY ÝAŞ NESLIŇ BEDEW ATA SÖÝGÜSI — asylly ýörelgeleriň dowamaty, röwşen geljegiň myrady

13 Maý 2024
369

Ýyndamlykda, çydamlylykda we owadanlykda görenleri haýrana goýýan ahalteke atlarymyza halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň söýgüsi örän uludyr. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp görmeginiň mysalynda nobatdaky gezek göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Hususan-da, ussat halypa atşynas hormatly Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi, höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalaryň arasynda seýis, çapyksuwar, atçylyk boýunça ylmy iş alyp barýan hünärmen, atçylyk lukmany bolmaga höwes edýänleriň bardygy aýratyn buýsançlydyr.

Bedewlere çäksiz hormaty bolan türkmen halkynyň Milli Lideri atçylyga höwes edýän çagalaryň geljekde ussat atşynaslar bolup ýetişip, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagyna, milli atşynaslyk däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryna, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem bolup biljekdiklerine ynam bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz çapyksuwarlyk hünärine höwes bildirýän çagalara sowgatlary gowşurdy, olaryň haýyşy boýunça ýadygärlik surata düşdi.

«Nesil».