Ýaşlaryň röwşen geljegi ugrunda

13 Maý 2024
353

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da ösdürmek, ýaş nesliň bagtyýar geljegini üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler oňyn netije berýär. Bu ugurda güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, häzirkizaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklary we daşary ýurt dillerini kämil öwrenmekleri üçin döredilýän amatlylyklaryň hem çygry barha giňeldilýär.

Muňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikdäki ylalaşygy esasynda ýurdumyzda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärlerine, meýletinçilere we mekdep okuwçylaryna iňlis dilini öwretmek boýunça ýörite maksatnamasynyň hereket etmegi hem aýdyň mysaldyr. Şu günler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde mekdep okuwçylarynyň iňlis dilini çuňňur öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen, tapgyrlaýyn tölegsiz iňlis dili sapaklary guralýar. Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň tejribeli iňlis dili mugallymlary ýaşlara bu ugurdan sapak berýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk, kämil bilim almaklary ugrunda edýän ýadawsyz aladalary olary daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmäge we bu ugurda ýokary üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Babaguly ALYÝEW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy.