Watançynyň wepaly ýary

14 Maý 2024
334

Onuň gözlerindäki gussa gatylan buýsanç ýüregiňe agras oýlary peşgeş berýärdi. Bu enäniň ömri hut täsin ýordumly eser ýaly hem gyzyklydy, hem täsirlidi. Ogsoltan Ýagmyrowa ulugyzka kalbynda beslän arzuwlaryny çitýän halylaryna, çekýän keşdelerine siňdirip, gyz göwnüniň tesellisini egserdi. Ykbal hemrasy hökmünde saýlan ýigidi Ýagmyryň edenli, parasatly, sypaýy häsiýetleri oňa has-da ýaraýardy. Ogsoltanyň maýyl edip barýan gara gözlerini ýüregine, didesine siňňitli siňdiren ýigit, göwün matlabyny gyza aýtmakdan-a geçen, eýsem, ene-atasyna-da kän wagtlap ýaňzydyp bilmän gezdi. Ara bir näçe wagt düşensoň ol bu barada mährem käbesine çekinjeňlik bilen duýdurdy. Ozaldan hem: «Ýaşy ötüşip barýar welin, pylanynyň gapysyndan baraý» diýdigi, gapak ýaly ýeňil gopup, haýyr işe mübtela boljak ene, dessine Ogsoltanlaryň öýlerine sary ýelk ýasady. Gaýynenesi bilen maslahatlaşyp, «Ýagşy işe gar ýagmasyn» diýlenine eýerip, guda garyndaşlygyny açmak bilen boldy. Ýyllaryň hökmürowan howalasy bu iki ýüregiň arzyly arzuwlaryny wysala ýetirdi.

Aslynda, Ogsoltan Ýagmyrowa-da, Ýagmyr Öwezow hem Gyzylarbat etrabynda doglan we önüp ösen ýaşlar. Olar maşgala guransoň hem, Ýagmyr 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gidende-de Gyzylarbatda ýaşaýardylar. Dört gyzy, iki ogly dünýä beren Ogsoltan köp çagaly ene hökmünde-de öz boýdaşlaryna nusga bolmagy başardy. Ganym uruşda mertlik görkezip söweşen, ýüreginde Ogsoltany we balalaryny apalap saklan Ýagmyr, olaryň bagtly durmuşynyň hatyrasyna yhlasyny gaýgyrmady. Sypyndygy, jeň meýdanyndaky täzelikler, Beýik Ýeňşe sary golaýladýan aýgytly ädimler hakynda Ogsoltana habar berip, sünnä bilen hat ýazdy, mährem gelnine mert bolmagy, biraz tagapyl etse, Ýeňiş bilen dolanjakdygyny aýdyp, onuň göwün guşuna ganat bagladardy. Beýik Ýeňiş Ogsoltanyň Ýagmyr geler diýen umydyny puja çykarmady. Ýagmyr dolandy, ýöne Ýeňiş gazanylandan has soňrak, 1948-nji ýylda dolandy. Ýagmyr frontda radist bolup işleýär. Şonda bir polk tutuşlygyna ýitýär. Gözleg uzak dowam edýär. Ýagmyryň ezber radistligi netijesinde tutuş polky tapmak başardýar. Ol fronta gitmänkä mugallymçylyk edýärdi, gelensoň hem şol asylly kärini dowam etdirdi.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.