Ylmy-amaly maslahat geçirildi

13 Maý 2024
363

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI we bu institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.

Ylmy-amaly maslahatda akyldar Magtymgulynyň döredijiligi, pähim-paýhasa ýugrulan eserleriniň umumadamzat gymmatlyklarynda tutýan mynasyp orny, şahyryň beýik şahyrana şahsyýetdigi, onuň ylym-bilime bolan garaýyşlary barada çykyşlar diňlenildi. Mundan başga-da, häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň täzeçe öwüşginde ýaňlanyşy, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrülişi, döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygy we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigi ruhubelentlik bilen beýan edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şahyryň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň müdimi gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bular barada Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary Rahmetnur Aýmämmedowyň, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjowyň çykyşlarynda bellenildi.

«Nebit-gaz».