Döwletliligiň goşa ganaty

13 Maý 2024
333

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralara beslenip bellenip geçilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň bagtyýar geljeginiň aýdyň beýany bolup, kanunçylygyň esasy binýadyny emele getirýär.

Esasy Kanunymyzda halkymyzyň jebislik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlary öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryna esaslanyp durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň özi adam mertebesiniň ýokarlanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, erkin we adalatly jemgyýetiň ösüşine gönükdirilendir.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.