Berjaý edilmeli düzgünler

14 Maý 2024
296

Häzirki wagtda tehniki tilsimatlaryň dürli görnüşleriniň döredilmegi netijesinde elektrik togy bilen işleýän dürli görnüşli tehnikalar öý hojalygynda giňden ulanylýar. Şolaryň içinde has köp ulanylýanlaryň biri-de otag sowadyjylarydyr.

Otag sowadyjylarynyň köpçülikleýin ulanylyp başlanmagy bilen, olaryň ýangyn howpuny döredip biljek şertlerini öwrenmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Bu barlaglary geçirmegiň zerurlygy sowadyjylaryň gurluşynda ýanyjy materiallaryň ulanylmagy we olaryň ýokary elektrik energiýasyna bolan talabedijiligi bilen düşündirilýär. Otag sowadyjylarynyň agramynyň on iki göterimine çenli gurluşynda ýanyjy materiallaryň ulanylmagy ýangynyň döremegine sebäp bolýan şertleriň biridir.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.