Watan gahrymanlary unudylmaýar

14 Maý 2024
322

9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni Ahal welaýatynyň ähli ýerinde giňden bellenip geçildi. Şanly günde uruşda wepat bolan Watan gahrymanlary ýatlanyp, olaryň hormatyna dikeldilen ýadygärliklere gül çemenleri goýuldy, ruhlaryna tagzym edildi, aýdym-sazly dabaralardyr baýramçylyk duşuşyklary geçirildi.

Şol gün welaýatdaky baýramçylyk çäreleri Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepdäki ýadygärlige gül çemenlerini goýmakdan başlandy. Köp sanly ildeşlerimiz bilim ojagynyň eýwanyny bezäp duran heýkele — Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň nurana ýadygärligine ter gül desselerini goýup, ruhuna tagzym etdiler. Söweş meýdanynda hakyky gahrymançylygyň, watançylygyň, borjuňa wepalylygyň, maksada okgunlylygyň belent nusgasyny görkezen watançy esger, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömür we durmuş ýoly her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir.

Merdan KADYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant. SURATLARDA: gül goýmak dabarasyndan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.