Raýat jemgyýeti: hukuk we kanun

14 Maý 2024
306

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hukuk-kanunçylyk ulgamy yzygiderli ösdürilýär we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugyň umumy kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär, Konstitusiýa we kanunlar arkaly kepillendirilýär. Adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we ählumumy howpsuzlygy berkitmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny kepillendirýän kadalaryň döwrüň talaplaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda kämilleşdirilmegi, halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygynyň gazanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligine gönüden-göni täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyzyň degişli kadalarynyň Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň we adamyň hukuklaryny goramaga gönükdirilen beýleki halkara hukuk namalarynyň kadalary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny aýratyn bellemelidiris.

Arslan AÝMYRADOW,
Adalatçynyň diwanynyň baş maslahatçysy.