"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Saglyk — başymyzyň täji (Buýsançly köňülleriň kelamy)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähimden ugur alnyp, halkymyzyň saglygyny goramakda, sagdyn hem eşretli durmuşyny üpjün etmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda jemgyýetimizde durmuşa geçirilýän beýik işler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze XV jildiniň neşir edilmegi sagdynlygy iň uly gymmatlyk hasaplaýan halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Milli Liderimiziň köpýyllyk ylmy-ensiklopedik eseri türkmen topragynyň melhemlik we dermanlyk baýlyklarynyň özboluşly beýanydyr. Ol Türkmenistanda lukmançylygyň, fitoterapiýanyň ösmeginde we kämilleşmeginde aýratyn orny eýeleýär. Bu eser geljekki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Täze neşiriň uly toý-dabara bilen bellenilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde halkymyza gowşandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynyň, ýiti zehininiň miwesi bolmak bilen, ylmy garaýyşlarydyr gözlegleri özünde jemleýär.

Durky täzelenen köpugurly hassahana ulanylmaga berildi

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk şanly senesiniň uly taýýarlyklar bilen garşylanýan günlerinde il hyzmatyna berlen welaýat köpugurly hassahanasynyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Durky täzelenen bina

Golaýda Baýramaly etrabynyň Şöhrat şäherçesinde ýerleşýän Baýramaly etrap hassahanasynyň durky täzelenip, ulanylmaga berildi. 4 gatly, 301 orunlyk 7 sany binanyň «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2023-nji ýylyň iň ýokary hilli enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, durkunyň täzelenmegi raýatlaryň belent başyny göge ýetirdi. Bu hassahananyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri, talyp ýaşlar we etrabyň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Döwrebap lukmançylyk binalary — halkyň hyzmatyna

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 3-nji noýabrda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, önümçilik düzümleriniň işe girizilmegine, täze elektrik stansiýasynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagyna dabaraly ýagdaýda ak pata beren gününiň ertesi — 4-nji noýabrda Balkanabat şäheriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň durky düýpli döwrebaplaşdyrylan we täze gurlan binalar bilen üsti ýetirilen toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp, ilatyň hyzmatyna berildi. Onuň durkunyň täzelenilmeginde we täze binalar bilen üstüniň ýetirilmeginde gaýratly zähmet çeken Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň ençemesine döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy ýatda galyjy pursatlaryň birine öwrüldi. Bu ýerde welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri, medeniýet we sungat ussatlary teatrlaşdyrylan sahnalary, döwrebap aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.

Saglyk — baş baýlyk

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Şu ýylyň dowamynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi we saglyk öýi ulanmaga berildi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär der

Paýhas hazynasy, gymmatly gollanma

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelýän ajaýyp eserler halkymyzyň söýgüsini gazandy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriň täze XV jildiniň elimize gowuşmagy bolsa il-ulsumyz üçin buýsançly waka boldy. Bu ylmy-ensiklopedik eser her birimiziň ýankitabymyza, ýakyn gollanmamyza öwrülip, daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen öwrenilýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri her bir adama türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleriniň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gorlary, dermanlyk häsiýeti, melhemlik ähmiýeti, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemlik ýa-da derman serişdelerini taýýarlamak barada giňişleýin maglumat berýän ylmy çeşmedir. Bu kitapda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň 2000-den gowragynyň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den gowragynyň endemik ösümlik bolup, diňe Türkmenistanda bitýändigi baradaky maglumatlar beýan edilýär we şolaryň 119-syna giňişleýin häsiýetnama berilýär.

Saglyk hem sagdynlyk

Sport bilen meşgullanyň! Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derläp we öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.

Saglygy berkitmekde peýdaly maslahatlar

1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin witaminlere baý bolan önümleri kabul etmeli. 2. Kädi, kelem, käşir, şugundyr ýaly önümleri gündeki iýmitleriňizde ulanmaly.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XV jiltiniň elimize gowuşmagy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat komitetiniň mejlisler jaýynda hoşallyk maslahatyny geçirdik. Türkmenabat şäher medeniýet bölümi bilen bilelikde guran maslahatymyza syýasy partiýamyzyň agzalary, Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze kitabynyň ilatyň saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Ildeşlerimiziň nygtaýyşlary ýaly, Milli Liderimiziň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we olaryň halk lukmançylygynda ulanylyş aýratynlyklary baradaky bu kitabyň dünýäniň köp dillerine neşir edilip, daşary ýurt okyjylaryna hem elýeterli bolmagy ýurdumyzyň şan-şöhratynyň artmagyna ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, kitap lukmançylyk pudagyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesi we däpleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Medeniýet ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşaýan agzybir halkymyzyň, bagtyýar zamanamyzyň waspy belentden ýaňlandy.

Saglygyňyza jogapkärli çemeleşiň!

Güýz aýlary kesel dörediji mörjewleriň işjeňliginiň artmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň ýokuşmak derejesi ýokarlanýar. Olar näsag asgyranda, üsgürende we gepleşende howa damja ýollary bilen sagdyn adama geçýär. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Keseli bejermek üçin dürli antibakterial dermanlary özbaşdak kabul etmek näsagyň ýagdaýynyň beterleşmegine, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň peselmegine, şeýle-de bedende ýokum ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirip biler. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin В, D, C ýokumlaryna baý bolan önümleri iýmek örän peýdalydyr. Sarymsagyň düzümindäki fitonsidleriň täsiri-de kesellemek howpuny peseldýär.

Üzärlik — müň derdiň dermany

Ýiti respirator keselleriň mikroblary adamlaryň burnundan, agzyndan asgyran we üsgüren wagtlarynda uly güýç bilen howa çykarylýar. Şol howada göze görünmeýän millionlarça damjajyklar bar. Şol damjajyklarda hem wiruslar saklanýar. Olar dem alyş synalaryna düşüp, ýiti respirator keseli ýokuşyp biler. Şonuň üçin üsgüreniňizde we asgyranyňyzda damjalar howa ýaýramaz ýaly, agzyňyzy we burnuňyzy elýaglygyňyz bilen ýapmaly. Şeýle etseňiz, siz töweregiňizdäki adamlary keseliň ýokuşmagyndan gorap saklarsyňyz. Keselli bilen umumy gapdan, ýorgan-düşekden, el süpürgiçden peýdalanmaly däl. Şol zatlardan kesel döredijiler aňsatlyk bilen burun we agyz boşluklaryna düşüp bilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň I tomunda ýerleşdirilen üzärlik otundan peýdalanmak maslahat berilýär. Üzärligiň tüssesini öýde tüsseledip, howadaky mikroblary ýok etmek mümkin. Ene-mamalarymyz mukaddeslik hökmünde üzärligi öýleriniň gapysynyň ýokarsyna hem gysdyryp goýupdyrlar.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýan maksatlarymyza we arzuwlarymyza ýetmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga uly ýardam edýär. Saglyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi — bularyň hemmesi adamyň uzak ýaşamagyna we ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk bahasyna ýetip bolmajak, her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. Sporta gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň gözbaşy hökmünde ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzda milli sporty wagyz etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ornaşdyrmakda üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli tutumlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Günüň dowamynda 30 — 45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syrydyr. Yzygiderli sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar. Bedeni taplamaga çagalyk döwründen başlamaly. Bedeni taplamagyň iň ýönekeý görnüşi howa wannasydyr. Sowuk suw bilen bedeni taplamak nerw ulgamyny, ýürek-gan damarlaryny we bedende madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Sowuk suw bilen bedeni taplamak üçin, ilki bilen bedeni 35 — 36 derejede gyzgynlykdaky suwa ezilen, soňra sowuk suwa ezilen süpürgiç bilen süpürmeli, şondan soňra üstüňden az-azdan sowuk suw guýmaly. Tomu

Bahasyna ýetip bolmajak baýlyk

Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýlan ähli maksatlardyr arzuwlarymyza ýetmäge, sagdynlyk, berk bedenlilik, adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmagyna kömek edýär. Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak, her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. Saglygyň gadyryny bilýän adam sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, öz şahsy durmuşynda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýändir. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertleriň biri, özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýän beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek we dogry iýmitlenmekdir.

Döwrebap hassahanadaky netijeli işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine welaýatymyzyň merkezinde şäheriň binagärlik keşbine görk goşýan welaýat köpugurly hassahanasynda amala aşyrylýan çäreler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen, 2022-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen döwrebap hassahanada ilata ýokary derejeli saglygy goraýyş hyzmatlaryny berjaý etmäge, dünýäniň ösen döwletleriniň iň kämil häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen, keselleri irki döwründe takyk anyklamaga, döwrebap bejermäge ähli mümkinçilikler bar.

Güýzde saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

Möwsümleýin ýokançlaryň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende howa-damja ýollary bilen geçýär. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Lukmanlar hoşal ― hemmeler hoşal

Düýn «Farap» şypahanasynda hormatly Prezidentimiziň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk binalar toplumyny gurmak hakynda taryhy Karara gol çekmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahata ýaşuly nesliň wekilleri hem-de şypahananyň lukmanlary gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, tämiz howasy, gözel tebigaty we bejeriji suwy bilen tapawutlanýan «Arçman» şypahanasy watandaşlarymyzyň saglygyny dikeltmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ýere gelýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Şol sebäpden hormatly Prezidentimiz şypahananyň durkuny täzelemek, has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen täze binalar toplumyny gurmak barada Karara gol çekdi. Munuň özi şypahananyň geljekde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny berjekdigini we medeniýetli dynç alşy hödürlejekdigini buşlaýar. Lukmanlar halkyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda hossarlyk alada edýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Saglygymyzy goramak öz elimizde

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende, howa-damja ýollary bilen geçýär. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynyň ösüşlere beslenmegi ugrunda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz tarapyndan raýatlaryň saglygyny goramagyň kämil ulgamy döredilip, saglygy goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamy kämilleşdirilip, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyzda ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklary gazanylýar. Bu gün ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan tutumly işler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanýar, uly üstünliklere beslenýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

DÜMEWIŇ ÖŇÜNI ALALYŇ! Dümew — bu ýiti ýokanç kesel bolup, dem alyş ýollarynyň, şeýle hem burnuň, gulagyň we bokurdagyň ýiti wirus keselidir. Bu wiruslaryň birnäçe görnüşi bar. Şonuň üçin adamlar bu kesel bilen güýz-gyş möwsüminde birnäçe gezek keselläp bilýärler. Dümew keseliniň döredijisi keselli adamdyr. Wiruslar näsag asgyranda-üsgürende howa arkaly sagat adamyň dem alyş ýollaryna düşüp, kesellemegine getirýär. Keseliň alamatlary, adatça, 1-3 günden soň başlanýar. Näsaglary esasy biynjalyk edýän alamatlar: kellagyry, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, işdäsiniň peselmegi, burnunyň dykylmagy, gözüniň ýaşarmagy, üsgülewük, dem ýetmezçiligi peýda bolýar. Şular ýaly alamatlar ýüze çykan wagty:

Şypalydyr melhem suwy

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze, 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak, şeýle-de bu ýerde bar bolan binalaryň durkuny täzelemek baradaky Karara gol çekmegi bolsa, bu ugurda durmuşa geçirýän işleriniň barha rowaçlyklara eýe bolýandygyny görkezdi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 2-nji sentýabrynda «Arçman» şypahanasyna baranda dynç alýanlar we saglygyny dikeldýänler bilen duşuşyp, ol ýerde täze bejeriş binasyny gurmagyň, ozalky binalaryň durkuny täzelemegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdy. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden alym Arkadagymyz halkymyzyň saglygy baradaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken bu taryhy Karary peder ýolunyň, asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.