Paýhas hazynasy, gymmatly gollanma

3 Noýabr 2023
353

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelýän ajaýyp eserler halkymyzyň söýgüsini gazandy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriň täze XV jildiniň elimize gowuşmagy bolsa il-ulsumyz üçin buýsançly waka boldy. Bu ylmy-ensiklopedik eser her birimiziň ýankitabymyza, ýakyn gollanmamyza öwrülip, daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen öwrenilýär.

Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri her bir adama türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleriniň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gorlary, dermanlyk häsiýeti, melhemlik ähmiýeti, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemlik ýa-da derman serişdelerini taýýarlamak barada giňişleýin maglumat berýän ylmy çeşmedir. Bu kitapda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň 2000-den gowragynyň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den gowragynyň endemik ösümlik bolup, diňe Türkmenistanda bitýändigi baradaky maglumatlar beýan edilýär we şolaryň 119-syna giňişleýin häsiýetnama berilýär.

Bahargül MYRATGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar