Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

1 Noýabr 2023
275

Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýan maksatlarymyza we arzuwlarymyza ýetmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga uly ýardam edýär. Saglyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi — bularyň hemmesi adamyň uzak ýaşamagyna we ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk bahasyna ýetip bolmajak, her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. Sporta gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň gözbaşy hökmünde ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzda milli sporty wagyz etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ornaşdyrmakda üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli tutumlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Günüň dowamynda 30 — 45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syrydyr. Yzygiderli sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar. Bedeni taplamaga çagalyk döwründen başlamaly. Bedeni taplamagyň iň ýönekeý görnüşi howa wannasydyr. Sowuk suw bilen bedeni taplamak nerw ulgamyny, ýürek-gan damarlaryny we bedende madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Sowuk suw bilen bedeni taplamak üçin, ilki bilen bedeni 35 — 36 derejede gyzgynlykdaky suwa ezilen, soňra sowuk suwa ezilen süpürgiç bilen süpürmeli, şondan soňra üstüňden az-azdan sowuk suw guýmaly. Tomus aýlary sowuk suw wannasyny, mümkin bolsa açyk howada kabul etmeli. Şeýle-de, bedeniň keselden goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli. Gök, bakja önümlerini köpräk iýmäge çalyşmaly. Bedeniň talabyna görä, suwuklyk kabul etmeli. Ulanýan suwuklygyňyz arassa agyz suwy, gaýnadylan suw we gök çaý bolmaly. Günüň dowamynda 2,5 litr töweregi suw içmeli. Uzak wagtlaýyn dartgynlyk bedeniň immun ulgamynyň pese düşmegine getirýär. Ruhy taýdan deňagramlygy saklaň, gaharlanmaň, şadyýan boluň! Sagdyn durmuş ýörelgesi şatlyk bilen biri-birinden aýrylmazdyr.

Tair ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar