Saglygyňyza jogapkärli çemeleşiň!

1 Noýabr 2023
270

Güýz aýlary kesel dörediji mörjewleriň işjeňliginiň artmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň ýokuşmak derejesi ýokarlanýar. Olar näsag asgyranda, üsgürende we gepleşende howa damja ýollary bilen sagdyn adama geçýär. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Keseli bejermek üçin dürli antibakterial dermanlary özbaşdak kabul etmek näsagyň ýagdaýynyň beterleşmegine, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň peselmegine, şeýle-de bedende ýokum ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirip biler. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin В, D, C ýokumlaryna baý bolan önümleri iýmek örän peýdalydyr. Sarymsagyň düzümindäki fitonsidleriň täsiri-de kesellemek howpuny peseldýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar