Döwrebap lukmançylyk binalary — halkyň hyzmatyna

6 Noýabr 2023
459

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 3-nji noýabrda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, önümçilik düzümleriniň işe girizilmegine, täze elektrik stansiýasynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagyna dabaraly ýagdaýda ak pata beren gününiň ertesi — 4-nji noýabrda Balkanabat şäheriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň durky düýpli döwrebaplaşdyrylan we täze gurlan binalar bilen üsti ýetirilen toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp, ilatyň hyzmatyna berildi.

Onuň durkunyň täzelenilmeginde we täze binalar bilen üstüniň ýetirilmeginde gaýratly zähmet çeken Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň ençemesine döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy ýatda galyjy pursatlaryň birine öwrüldi. Bu ýerde welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri, medeniýet we sungat ussatlary teatrlaşdyrylan sahnalary, döwrebap aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.

(Öz habarçylarymyz).
Beýleki habarlar