Saglyk — başymyzyň täji (Buýsançly köňülleriň kelamy)

6 Noýabr 2023
489

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähimden ugur alnyp, halkymyzyň saglygyny goramakda, sagdyn hem eşretli durmuşyny üpjün etmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda jemgyýetimizde durmuşa geçirilýän beýik işler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze XV jildiniň neşir edilmegi sagdynlygy iň uly gymmatlyk hasaplaýan halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Milli Liderimiziň köpýyllyk ylmy-ensiklopedik eseri türkmen topragynyň melhemlik we dermanlyk baýlyklarynyň özboluşly beýanydyr. Ol Türkmenistanda lukmançylygyň, fitoterapiýanyň ösmeginde we kämilleşmeginde aýratyn orny eýeleýär. Bu eser geljekki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Täze neşiriň uly toý-dabara bilen bellenilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde halkymyza gowşandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynyň, ýiti zehininiň miwesi bolmak bilen, ylmy garaýyşlarydyr gözlegleri özünde jemleýär.

Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar