Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

1 Noýabr 2023
218

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynyň ösüşlere beslenmegi ugrunda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz tarapyndan raýatlaryň saglygyny goramagyň kämil ulgamy döredilip, saglygy goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamy kämilleşdirilip, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyzda ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklary gazanylýar. Bu gün ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan tutumly işler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanýar, uly üstünliklere beslenýär.

Şemşat Rehimgulyýewa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar