Lukmanlar hoşal ― hemmeler hoşal

1 Noýabr 2023
243

Düýn «Farap» şypahanasynda hormatly Prezidentimiziň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk binalar toplumyny gurmak hakynda taryhy Karara gol çekmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahata ýaşuly nesliň wekilleri hem-de şypahananyň lukmanlary gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, tämiz howasy, gözel tebigaty we bejeriji suwy bilen tapawutlanýan «Arçman» şypahanasy watandaşlarymyzyň saglygyny dikeltmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ýere gelýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Şol sebäpden hormatly Prezidentimiz şypahananyň durkuny täzelemek, has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen täze binalar toplumyny gurmak barada Karara gol çekdi. Munuň özi şypahananyň geljekde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny berjekdigini we medeniýetli dynç alşy hödürlejekdigini buşlaýar.
Lukmanlar halkyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda hossarlyk alada edýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar