Saglyk — baş baýlyk

5 Noýabr 2023
623

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Şu ýylyň dowamynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi we saglyk öýi ulanmaga berildi.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Jahan NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar