Şypalydyr melhem suwy

31 Oktýabr 2023
559

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze, 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak, şeýle-de bu ýerde bar bolan binalaryň durkuny täzelemek baradaky Karara gol çekmegi bolsa, bu ugurda durmuşa geçirýän işleriniň barha rowaçlyklara eýe bolýandygyny görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 2-nji sentýabrynda «Arçman» şypahanasyna baranda dynç alýanlar we saglygyny dikeldýänler bilen duşuşyp, ol ýerde täze bejeriş binasyny gurmagyň, ozalky binalaryň durkuny täzelemegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdy. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden alym Arkadagymyz halkymyzyň saglygy baradaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken bu taryhy Karary peder ýolunyň, asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Amanmuhammet GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar