Döwrebap hassahanadaky netijeli işler

1 Noýabr 2023
320

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine welaýatymyzyň merkezinde şäheriň binagärlik keşbine görk goşýan welaýat köpugurly hassahanasynda amala aşyrylýan çäreler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen, 2022-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen döwrebap hassahanada ilata ýokary derejeli saglygy goraýyş hyzmatlaryny berjaý etmäge, dünýäniň ösen döwletleriniň iň kämil häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen, keselleri irki döwründe takyk anyklamaga, döwrebap bejermäge ähli mümkinçilikler bar.

Nury AMANOW,
welaýat köpugurly hassahanasynyň merkezleşdirilen kliniki barlaghana bölüminiň laborant lukmany.
Beýleki habarlar