Hoşallyk maslahaty geçirildi

2 Noýabr 2023
444

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XV jiltiniň elimize gowuşmagy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat komitetiniň mejlisler jaýynda hoşallyk maslahatyny geçirdik. Türkmenabat şäher medeniýet bölümi bilen bilelikde guran maslahatymyza syýasy partiýamyzyň agzalary, Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze kitabynyň ilatyň saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Ildeşlerimiziň nygtaýyşlary ýaly, Milli Liderimiziň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we olaryň halk lukmançylygynda ulanylyş aýratynlyklary baradaky bu kitabyň dünýäniň köp dillerine neşir edilip, daşary ýurt okyjylaryna hem elýeterli bolmagy ýurdumyzyň şan-şöhratynyň artmagyna ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, kitap lukmançylyk pudagyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesi we däpleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Medeniýet ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşaýan agzybir halkymyzyň, bagtyýar zamanamyzyň waspy belentden ýaňlandy.

Enejan GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar