Üzärlik — müň derdiň dermany

1 Noýabr 2023
264

Ýiti respirator keselleriň mikroblary adamlaryň burnundan, agzyndan asgyran we üsgüren wagtlarynda uly güýç bilen howa çykarylýar. Şol howada göze görünmeýän millionlarça damjajyklar bar. Şol damjajyklarda hem wiruslar saklanýar. Olar dem alyş synalaryna düşüp, ýiti respirator keseli ýokuşyp biler. Şonuň üçin üsgüreniňizde we asgyranyňyzda damjalar howa ýaýramaz ýaly, agzyňyzy we burnuňyzy elýaglygyňyz bilen ýapmaly.

Şeýle etseňiz, siz töweregiňizdäki adamlary keseliň ýokuşmagyndan gorap saklarsyňyz. Keselli bilen umumy gapdan, ýorgan-düşekden, el süpürgiçden peýdalanmaly däl. Şol zatlardan kesel döredijiler aňsatlyk bilen burun we agyz boşluklaryna düşüp bilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň I tomunda ýerleşdirilen üzärlik otundan peýdalanmak maslahat berilýär. Üzärligiň tüssesini öýde tüsseledip, howadaky mikroblary ýok etmek mümkin. Ene-mamalarymyz mukaddeslik hökmünde üzärligi öýleriniň gapysynyň ýokarsyna hem gysdyryp goýupdyrlar.

Aýjemal BALLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 15-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar