"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

«Sony Honda Mobility» elektrik ulaglaryny öndürer

Iki ýa­pon ägir­di «Hon­da Mo­tor» we «So­ny Group» kom­pa­ni­ýa­la­ry ýo­ka­ry te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­ly elekt­rik ulag­la­ry­ny ön­dür­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­ýär. Bi­le­lik­dä­ki kom­pa­ni­ýa­nyň «So­ny Hon­da Mo­bi­li­ty» diý­lip at­lan­dy­ry­lan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň her bi­ri hyz­mat­daş­lyk üçin ABŞ-nyň 37,52 mil­li­on dol­la­ry mö­çbe­rin­de ma­ýa go­ýar. «So­ny» ko­mp­ani­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji wi­se-pre­zi­den­ti Izu­mi Ka­wa­ni­şi bi­le­lik­dä­ki kom­pa­ni­ýa­nyň di­rek­to­ry bo­lar. «Hon­da Mo­tor» elekt­rik ulag­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi hem-de teh­ni­ki hyz­ma­ty, «So­ny» bol­sa şe­kil­len­di­riş, ara­gat­na­şyk we güý­men­je teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça iş alyp ba­rar. «So­ny Hon­da Mo­bi­li­ty» kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýy­la çen­li 30-dan gow­rak mo­de­lli elekt­rik ulag­la­ry­nyň 2 mil­lion sa­ny­sy­ny hö­dür­le­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn netijesi

Türkmenistan dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soňra dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň bölümleri bilen hem hyzmatdaşlygyny giň gerim bilen ösdürip başlady. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygy-da ýylsaýyn işjeňleşýär. Ol 1946-njy ýylyň 11-nji dekabrynda döredildi. ÝUNISEF-iň işi bütin dünýäniň çagalarynyň hukuklaryny goramaga we olary goldamaga bagyşlanandyr. Onuň esasy maksady çagalaryň jynsyna, dini ynanjyna garamazdan olaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak bolup durýar. ÝUNISEF şeýle hem hökümetlere çagalaryň talaplaryny hemme taraplaýyn kanagatlandyrmak boýunça meýilnamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamaga kömek berýär. ÝUNISEF onlarça milli komitetler we 190-a golaý hökümete degişli däl guramalar bilen özara hyzmatdaşlyk edýär. ÝUNISEF-iň serişdeleriniň çeşmesi hökümetleriň, şeýle hem şahsy donorlaryň meýletin tölegleridir.

Dost­luk­ly gat­na­şyk­lar ber­ki­dil­ýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä ýurt­la­ry, şol san­da goň­şy döw­let­ler bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň go­laý­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na hem-de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na üs­tün­lik­li ama­la aşy­ran res­mi sa­par­la­ry hem mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen­den soň­ra il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­ny Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan baş­la­ma­gy, sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin ta­ra­pyn­dan bu ýur­duň ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy­nyň — «Dost­luk» or­de­ni­niň gow­şu­ryl­ma­gy gat­na­şyk­la­ryň köp­ýyl­lyk ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne, deň­hu­kuk­ly­ly­ga hem-de öza­ra bäh­bit­li­li­ge, dost­lu­ga esas­lan­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga örän uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek äş­gär et­di. Rus Li­de­ri­niň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­

Gaýrasy Arkaçdyr, ilersi Eýran

14-15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen dostlukly Eýran Yslam Respublikasynda boldy Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Gaýrasy Arkaçdyr, ilersi Eýran» diýip ýazan Eýran döwleti bilen biziň ýurdumyz dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň Eýrana şu gezekki saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar iki goňşy döwletiň, olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine alnyp barylýan deňhukukly, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1401-nji hijri-şemsi ýylynyň hordad aýynyň 24-25-ine gabat gelýän 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň toplumy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Taraplar taryhdan gelip çykýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Dostluk daragtynyň datly miweleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary dünýä döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmekdäki we pugtalandyrmakdaky tagallalaryň geriminiň barha giňelýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu taryhy sapar iki dostlukly ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da ilerlemeginde uly ähmiýete eýe bolup, ol üstünlikli geçirilen gepleşikleriň mizemez dostluk däplerine esaslanýan giň möçberli hyzmatdaşlygyň taryhyny täze möhüm wakalar bilen baýlaşdyrdy. Pikir ummanynda guwwas kimin ýüzüp, «dostluk» diýen keremli sözüň manysyny içgin tireniňde, bu mübärek jümlä ýurdumyzda goýulýan sarpanyň nusgalykdygyna göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary we ýöredýän öňdengörüjilikli hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeýär. Bu bolsa Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Gadymy hem gadyrly goňşuçylyk: Taryhyň täze sahypasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna ilkinji resmi sapary barada söhbet ...Türkmende kimdir biri hakynda beletlik bilen söz açsaň: «Ýolda ýoldaş bolduňmy? Goňşy oturdyňmy?» diýilmesi bar.

Türkmenistan – Russiýa Federasiýasy: strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlylyk

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna bu sapary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda ädilen nobatdaky ädim boldy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Uly Kreml köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birek bilen dostlukly salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Türkmenistan – Eýran Yslam Respublikasy: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Häzirki wagtda döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda Türkmenistan hem-de Eýran däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny iki tarapyň hem durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de milli bähbitlerine kybap gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini görkezýärler. Bu gün ýakyn goňşy ýurt bilen hyzmatdaşlyk diňe bir özara bähbitli esaslara däl, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär. Türkmenistanyň we EYR-nyň Prezidentleriniň arasyndaky ýokary derejedäki gepleşikler hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, bilelikdäki işiň netijeleri boýunça toplanan tejribeleri we bar bolan serişde hem-de ykdysady kuwwaty nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çemeleşmeleri kesgitlemäge ýardam etdi. «Saadabat» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi birek-birek bilen doganlarça görüşdiler. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soň iki ýurduň Liderleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy boldy.

Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedowyň we Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler

Täh­ran — Aş­ga­bat, 15-nji iýun. Şu gün Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­tyn­da bu ýur­da res­mi sa­par bi­len ge­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň goň­şy döw­le­tiň ýol­baş­çy dü­züm­le­ri bi­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di. Ola­ryň gün ter­ti­bi­ne ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry, se­bi­ta­ra we hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň mö­hüm me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýa­kyn goň­şy ýurt bi­len hyz­mat­daş­lyk di­ňe bir öza­ra bäh­bit­li esas­da däl, eý­sem, tu­tuş se­bit­de aba­dan­çy­ly­gyň, ro­waç­ly­gyň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gin­e güýç­li iter­gi bo­lup, bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça top­la­nan tej­ri­be­le­ri, bar bo­lan se­riş­de hem-de yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri na­za­ra alyp, öza­

Dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bir sagatdan gowrak wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Hormatly Prezidentimiziň awtomobil kerweni howa menzilinden «Saadabad» köşkler toplumynyň «Serwestan» binasyndaky sapar wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady. Dag eteginde, Tähranyň demirgazygyndaky ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän bu toplum Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynyň iň gözel ýerleriniň biridir.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapary amala aşyrdy. Bu sapar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Uly Kreml köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birek bilen dostlukly salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra ýokary derejede ikiçäk görnüşdäki türkmen-rus gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Şan-şöhratly Diýarym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetini has-da kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini rowaçlandyrmak üçin gije-gündiz taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda her bir günümiz buýsançly wakalara, şöhratly senelere beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine uly ähmiýet berip, alyp barýan iňňän öňdengörüjilikli, oýlanyşykly ynsanperwer «Açyk gapylar» daşary syýasaty dünýäde dabaralanýar we ýurdumyzyň abraý-mertebesini barha beýgeldýär. Dünýäniň çar künjünden, hususan-da, ýurdumyzyň strategik derejede hyzmatdaşlyk edýän iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasyndan yzygiderli hoş habarlar gelip gowuşýar.

Serdar Berdimuhamedow türkmen-eýran parlamentara duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi

Şu gün — 15-nji iýunda günüň ikinji ýarymynda Tähranda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen gepleşikleri geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň degişli agzalary hem gatnaşdylar. Duşuşygyň başynda döwlet Baştutanymyz jenap Mohammed Bager Galibafa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we ony ýakynda Eýran Yslam    Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.

Telekeçilige — giň ýol!

Bähbitli işleriň miwesi Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açylyp, türkmen telekeçilerine öndürmäge, gurmaga, ilata dürli hyzmatlary edip bermäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan welaýatymyzyň telekeçilerem il-gün bähbitli netijeli işleri bitirýärler. Hususyýetçilerimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde halkyň ýokary hilli harytlara we önümlere bolan isleginiň has doly kanagatlandyrylmagynda gowy görkezijiler gazanylýar.

Ulag boýunça türkmen-eýran hökümetara toparyny döretmek teklip edildi

Şu gün Tähranda Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek teklibini öňe sürdi. Onuň maksady Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ägirt uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli duşuşykda: «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny gysga wagtda durmuşa geçirmek üçin tagallalarymyzy güýçlendirmeli diýip pikir edýärin. Mälim bolşy ýaly, bu taslama Hindistan we Gazagystan hem resmi taýdan goşuldy» diýmek bilen, iki ýurduň arasynda pandemiýa zerarly azalan awtomobil ulaglarynyň gatnawlaryny ýola goýmaga girişmegiň hem-de päsgelçilikleridir çäklendirmeleri aradan aýyrmak boýunça özara düşünişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Tähran duşuşygy: VI Hazar sammitine taýýarlyk güýçlendirilýär

Şu gün — 15-nji iýunda geçirilen Tähran duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar gün tertibiniň möhüm meselelerine ünsi çekmek bilen, olaryň şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitinde hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşi Seýed Ebrahim Raisini bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmaga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň dowamynda: «Biziň Eýran bilen özara hyzmatdaşlygymyzda Hazar deňzini parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşdyryjylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňişligine öwürmek möhüm ýagdaý bolup durýar. Bu ugurda, hususan-da, soňky ýyllarda köp işler geçirildi: Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda taryhy Konwensiýa gol çekildi, dürli ugurlarda birnäçe ylalaşyklar we şertnamalar gazanyldy» diýmek bilen, käbir anyk teklipleri öňe sürdi.

Türkmen tebigy gazy «swop» görnüşinde üçünji ýurtlara iberiler

Şu gün geçirilen ýokary derejeli Tähran duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gazy «swop» görnüşinde ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň degişli edaralaryna gazyň «swop» boýunça üçünji ýurtlara iberilmegini öwrenmegi teklip etdi. Munuň özi energetika ugurly türkmen-eýran hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açar. Ýeri gelende nygtasak, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekilen üçtaraplaýyn «swop» şertnamasy 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hereket edip başlady. Şertnamada Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi göz öňünde tutulýar. «Swop» iki tarapyň arasynda ylalaşykda görkezilen şertlere laýyklykda, geljekde tölegleri alyş-çalyş etmek baradaky şertnamadyr. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda ABŞ-nyň maliýe bazarlarynda peýda bolup başlan «swop» şertnamalarynyň maksady aktiwleriň gurluşyny wagt ýa-da hil taýdan gowulandyrmakdan, göterim derejeleriniň we walýuta hümmetiniň, şeýle-de çykdajylaryň ýaramaz üýtgemeginiň töwekgelçiligini azaltmakdan, girdeji gazanmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ruhy lideri bilen duşuşdy

Şu gün iki günlük resmi sapar bilen Tähranda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmak ugrunda tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Beýik ruhy lideri bilen duşuşygynyň dowamynda nobatdaky saparyň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra, Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparydygyny belläp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, energetika we ulag hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup, şu babatdaky kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak, halklarymyzyň dostlugyny has-da pugtalandyrmak üçin medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr.

Tähran duşuşygynyň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekildi

Şu gün Tähranda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň eýwanynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Eýrana nobatdaky saparynyň çäklerinde möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.